Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär

Braziliýanyň Amazonka tokaýlarynyň çapylmagy, sebitiň temperaturasyna öň pikir edilişinden has uly täsir edýär. Gurakçylykdan we aşa yssydan ejir çekýän Matu-Grossyň oba hojalygy merkezinde, 2050-nji ýyla çenli tokaýlaryň çapylmagy soňky ýyllardaky ýaly çalt depginde dowam etse, howa has-da yssy bolar. Muny täze geçirilen barlaglaryň netijeleri subut edýär.

“Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynda çap edilen makalada Amazonyň tokaýlarynyň çapylmagynyň 60 mile çenli (takmynan 100 km) aralygyň gyzmagyna sebäp bolýandygy bellenilýär. Çapylýan tokaýlaryň gerimi näçe giň bolsa, şonça-da temperatura ýokary bolýar. Bu ýagdaý global ýylylyk bilen birlikde, howa şertlerine goşmaça täsir edýär.

Lids uniwersitetiniň alymy Dominik Sprakleniň pikiriçe, her bir agaç, ortaça, 2,5 kWt kuwwatlylygy bolan doly güýjünde işleýän iki-üç sowadyja deňdir. Bu, bedeniň gyzgynlygyny peseltmek üçin adamdan bölünip çykýan dere gaty meňzeş bolup, bugarmagyň hasabyna bolup geçýär. Tokaýlary kesmegiň täsiriniň garaşylýandan has zyýanlydygyny bellän alym, getirilýän sanlaryň adamlaryň has köpüsini tokaý ýerlerini goramaga ynandyrjakdygyna umyt bildirdi.

Geçirilen barlaglar Amazonyň durnukly howasyny saklamak üçin ähmiýetini subut edýär. Şu ýylyň başynda neşir edilen başga bir makalada tokaýlaryň çapylmagynyň ygalyň mukdaryny 125 mil (200 km) çenli azaldandygy aýdylýar. Ýaňy-ýakynda geçirilen has giňişleýin barlaglar Amazonyň Günorta Amerikanyň mussonlarynyň paýlanmagyna täsir edýändigini we tokaýlaryň ýok edilmegi sebitde ýagyş mukdaryny 30% azaldyp, azyk önümçiligini agyr netijelere duçar edýändigini görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi