Tokaýew žurnalistleri döwlet gullukçysy bolmaga çagyrdy

Tokaýew žurnalistleri döwlet gullukçysy bolmaga çagyrdy

Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Gazagystanyň durmuşyna uly täsir edýärler. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Akordada beýanat berdi. Ol hünär baýramçylygynyň öňýanynda gazak žurnalistlerine ýüzlendi diýip, MIR 24 ýazýar.

Tokaýew öz çykyşynda deputatlar bilen žurnalistleriň işini deňeşdirdi. Olaryň ikisi-de Gazagystanyň bähbitlerini goraýarlar, halka gulluk edýärler we ilatyň ynamyndan peýdalanýarlar.

Gazagystanyň döwlet Baştutany şeýle hem döwletiň syýasatyny ilata düşündirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hyzmatyna ýokary baha berdi. Şonuň üçin öz kärini döwlet gullukçylygy bilen baglanyşdyran ýa-da muny isleýän kärdeşleriňiz öz güýjüni bu ugurda doly durmuşa geçirip bilerler diýip, Tokaýew nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň žurnalistlerine we telewideniýe işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Gazagystan we Özbegistan hyzmatdaşlyk barada 10 ýyllyk maksatnamany tassykladylar
Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen çagyrdy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik