Tokaýew ýere gaçan uçar bilen bagly beýannama berdi

Tokaýew ýere gaçan uçar bilen bagly beýannama berdi

Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew Gazagystanyň "Ene Dil" gazedine beýannama berdi.

Ýurdunda Azerbaýjanyň howa ýollary kärhanasyna degişli uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 6-sy Gazagystanyň raýaty bolmak bilen jemi 38 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan adamlara minnetdarlyk bildirip, halkyň jebisligini nygtap geçdi.

Baku-Groznyý uçar saparyny amala aşyran AZAL howaýollary kärhanasyna degişli Embraer 190 kysymly uçar, 25-nji dekabrda Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda ýere gaçypdy.

AZAL uçaryň düzüminde 5 adamdan ybarat ekipažyň we 62 adamdan ybarat ýolagçylaryň jemi 67 adamyň bolandygyny habar beripdi.

Wakada 38 adamyň ýogalandygy, 29 adamyň hem halas bolandygy beýan edilipdi.

Anadoly habarlar agentligine beýanat beren azerbaýjanly resmiler, uçaryň rus "Pantsir-S" howa goranyş ulgamynyň hüjümine sezewar galandygy bilen bagly öňe sürmeleri tassyklapdy.

Ýene degişli makalalar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Daily Mail: 66 ýaşly zenan syýahat gämisinden suwa böküp, ýitirim boldy
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler