Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi

4-nji noýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Parižde boldy. Prezident Tokaýewiň saparynyň çäklerinde gazak-fransuz işewürlik forumy geçirildi, taraplaryň arasynda dürli ugurlarda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Gazagystan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki häsiýete eýe boldy, Astana we Pariž bilelikde işlemek üçin halkara derejesinde tagallalaryny birikdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçirilen gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda aýtdy.

– Biz ähli meseleleri parahatçylykly we syýasy-diplomatik ýol bilen çözmegi zerur hasaplaýarys. Halkara derejesinde tagallalary birikdirmek we bilelikde işlemek barada ylalaşdyk. Şu günki gepleşikler netijeli boldy. Bu sapar Gazagystan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigine güwä geçýär diýip, Tokaýew belledi.

Brifingden soň Tokaýew we Makron strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki jarnama gol çekdiler. Gazagystanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, Fransiýa bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna bil baglaýandygyny belledi. Bu sapar biziň üçin örän möhümdir. Fransiýa Gazagystanyň Ýewropa Bileleşigindäki ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşydyr diýip, Tokaýew nygtady.

Şeýle hem Gazagystanyň lideri iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini habar berdi.

– Geçen ýyl iki ýurduň söwda dolanyşygy 4,2 milliard dollara deň boldy. Biz üstümizdäki ýylda bu görkezijä dokuz aýyň içinde ýetdik. Fransiýa biziň ýurdumyza gönükdirýän maýa goýumlary boýunça altynjy orunda durýar. “Alstom”, “Total Energies”, “Air Liquide”, “Orano”, “Wicat”, “Danone” we “Lactalis” ýaly fransuz kompaniýalary Gazagystana ep-esli maýa goýup, onuň umumy mukdary 19,5 milliard dollar ýetdi.

Prezident Tokaýewiň döwlet sapary Fransiýanyň Prezidenti Makronyň çakylygy bilen amala aşyryldy. Fransiýanyň Prezidenti geçen ýylyň noýabrynda Astanada bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy