Tokaýew kasam kabul etdi

20-nji noýabrda Gazagystanda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna ýeňiş gazanan Kasym-Žomart Tokaýew kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişdi.Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystan Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.

Garaşsyzlyk köşgüne Gazagystan Respublikasynyň döwlet baýdagy, Prezidentiň ştandarty, ýurduň Konstitusiýasy getirildi.Gazagystanyň saýlanan Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Konstitusiýanyň 42-nji maddasyna laýyklykda, kasam kabul etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy. Dabaraly çärä Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem gatnaşdy.

“Gazagystan milli bähbitleri goramaga gönükdirilen deňagramly, konstruktiw daşary syýasaty durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Esasy üns goňşy döwletler Russiýa, Hytaý we Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen özara peýdaly we strategiki hyzmatdaşlyga gönükdiriler” diýip, Tokaýew resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasynda belläp geçdi.

69 ýaşyndaky Tokaýew golaýda geçirilen saýlawda 81,31 göterim ses alyp, Prezident wezipesine gaýtadan saýlanypdy. Ol 2019-njy ýylda ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew wezipesini meýletin tabşyrmagy bilen bu wezipä saýlanypdy.

2022-nji ýylda Gazagystanyň Konstitusiýasyna üýtgeşikler we goşmaçalar girizildi we şoňa laýyklykda ýurduň prezidenti 7 ýyllyk möhlete 1 gezek saýlanyp bilýär. Ondan öňki kanunçylyga görä, ýurduň döwlet Baştutany 5 ýyllyk möhlete 2 gezek saýlanyp bilýärdi.

Ýene degişli makalalar

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Gazagystan Türkmenistan bilen arasyndaky maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy tassyklamagy meýilleşdirýär
Biziň tebigy gaz serişdelerimiz global bazarlarda uly islegden peýdalanýar "Türkmengaz"  
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi