Tokaýew: Gazagystan Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürer

Tokaýew: Gazagystan Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürer

Gazagystan geljekde hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmekçi. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçen Think tank forum forumynda aýtdy diýip, Report ýazýar.

Gazagystan sebit syýasatyna eýermek bilen, mundan beýläk hem Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekçi.Biziň gatnaşyklarymyz näçe jebis bolsa, bu Gazagystan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin bähbitlidir.

Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň ösmegi üçin ähli tagallalary ederler diýip, Tokaýew nygtady.Ol şeýle-de sebitiň ýurtlaryndaky ýagdaýyň mundan 10 ýyl öňdäkiden güýçli tapawutlanýandygyny ýatlatdy.Häzirki wagtda sebitiň bäş döwleti öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, ýokary derejedäki duşuşyklar yzygiderli dowam etdirilýär.

Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategiki sazlaşyklylygy giňeltmeklige gönükdirilen esasy syýasat ugrudyr. Biziň daşarky we içerki çagyryşlara bilelikde seslenmegimiz möhümdir diýip, Gazagystanyň döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Gazagystanyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ermenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen barar
Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry