Portugaliýada hökümet şu günden başlap bolmagy ähtimal ýangynlaryň öňüni almak üçin tokaýlara 3 günlük möhlet bilen girmegi gadagan etdi.
Portugaliýanyň hökümedi tokaýlarda aralarynda harbylar hem bolan toparlaryň gözegçilik işlerini geçirjekdigini habar berdi.
Ýurduň Penafiel we Kanelas sebitlerindäki ýangynlar bolsa entegem dowam edýär.
Marokkonyň demirgazygynda bolsa eýýäm 3 gün bäri dowam edýän tokaý ýangynlarynda 55 gektar tokaýlyk zolak küle öwrüldi.
Marokkonyň resmi MAP habarlar agentliginden berilen beýanatda, ýurduň demirgazyk bölegindäki Huseýme şäherine degişli tokaýlyk meýdanda 17-nji awgustda başlan ýangynlaryň söndürilmäge synanyşylýandygy mälim edildi.
Kanadair kysymly ýangyn söndüriji uçarlary bilen tokaý ýangynynyň söndürilmäge synanyşylýanýandygy, emma sebitiň geografik gurluşy, güýçli ýel we aşa yssy howa sebäpli ýangynlaryň gözegçilik astyna alynmagyny kynlaşdyrýandygy aýan edildi.
Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandez, ýurduň Parana Delta sebitinde 2 hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän tokaý ýangynlaryny söndürmäge ýardam bermek maksady bilen ülkäniň Ýaragly güýçlerine görkezme berendigini beýan etdi.
Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandez Twitter hasabyndan bilkastlaýyn ýagdaýda başladylandygyny pikir edýän ýangynlaryň jogapkärleriniň tapylmagy üçin gerek bolan ädimleriň edilýändigini mälim etdi.
Her ýyl awgust we ýanwar aýlarynda bolýan ýangynlaryň, maldarlar tarapyndan öri meýdanlary ulaltmak üçin bilkastalýyn ýagdaýda amala aşyrylýandygy pikir edilýär.