TOHI-de Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigi geçirildi

TOHI-de Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigi geçirildi

Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça geçirilen VI internet ders bäsleşigininiň netijeleri yglan edildi. Bu barada institutyň resmu saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik inžener grafikasy hem-de kompýuter grafikasy boýunça iki günüň dowamynda geçirildi. Inžener grafikasy boýunça Türkmenistanyň 8 sany ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 24-si baýrakly orunlary eýelediler.

Talyplaryň 4-si birinji, 8-si ikinji, 12-si üçünji orunlara mynasyp boldular.

Inžener grafikasy boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby Nepesmyrat Gaipow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Anna Annaýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammet Käbäýew hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Begli Parahadow birinji orunlara mynasyp boldular.

Kompýuter grafikasy boýunça Türkmenistanyň 10 sany ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 30-y baýrakly orunlara eýe boldular. Olaryň 5-si birinji, 10-sy ikinji, 15-si üçünji orunlardyr.

Kompýuter grafikasy boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Şöhrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 3-nji ýyl talyby Akmuhammet Taganow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Gurban Arslanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Baýrammämmet Nyýazow hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Wepa Aşyrow birinji orunlara mynasyp boldular.

Ýeri gelende bellesek, ders bäsleşiklerine jemi 94 talyp gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen ýaşlary howanyň üýtgemegi boýunça milli maslahata taýýarlanýar
Demirgazyk Owganystanyň hökümet resmileri hem ýerli ilaty "Talyban" hüjüminden nirä gaçyp biler?
Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Täze makaron