Şu ýylyň aprel aýyndan başlap Italiýanyň Wenesiýa şäheri günin girjek myhmanlar üçin tölegli edilipdi. Şu aýyň ortasynda synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgüniň möhleti tamamlandy.Düzgüne görä, hepdäniň köp adamly belli günlerinde şäherdäki myhmanhanalarda ýatymlyk galmajak syýahatçylardan 5 ýewro töleg alynýar. Şäheriň ýerli häkimiýeti häzire çenli bu düzgün arkaly jemi 2,2 million ýewro pul ýygnalandygyny mälim etdi. Şähere giriş 25-nji aprelden 14-nji iýul aralygynda jemi 29 gün, 8:30-dan 16:00 aralygynda tölegli edildi.
Töleg etmek örän aňsat bolup, munuň üçin ýörite mobil goşundysy döredildi.Maglumatlara görä, bu wagtyň dowamynda 440 müň adam tölegli günlerde şähere giripdir. 14 ýaşdan kiçiler, şäheriň ýaşaýjylary ýa-da ol ýerde işleýänler we okaýanlar, gezelenç üçin topar bolup şähere barýan okuwçylar, myhmanhanada ýaşaýanlar tölegden boşadyldy.
Maglumatlara görä, tölegli giriş döwründe şähere barýanlaryň sany azalmandyr.
Tölegli girişiň geljek ýyldan başlap hemişelik edilmegi meýilleşdirilýär. 1950-nji ýylda şäheriň ilaty 175 müň töweregi bolan bolsa, 2022-nji ýylda 50 müňden aşak düşüpdi. Şähere her ýylda 30 million töweregi myhman barýar. Geçen ýyllarda şähere barýan uly ýolagçy gämileriň girmegi çäklendirilipdi.
Arzygül ORAZMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň Okyjylara hyzmat etmek bölümçesiniň kitaphanaçysy.