'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy

'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy

"Jebel şäherçesinde gurulýan täze Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygy işçilere aýlyk haklarynyň geçirilip bilinmeýändigi sebäpli, üç aý bäri togtadyldy" diýip, gurluşykdan habarly çeşme 25-nji iýulda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

"Howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda we ýolagçy terminalynda gurluşyk işleri ykdysady meseleler sebäpli, wagtlaýyn yza süýşürilýär" diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde üç ýyl ozal düýbi tutulan Balkanabat halkara howa menzilini 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Ýagdaýdan habarly çeşmelere görä, ýaňy-ýakynda Balkan welaýatyna sapar eden Ulag we aragatnaşyk agentliginiň ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýew howa menziliniň gurluşygyna degişli tölegleriň sentýabr aýynyň başlarynda geçiriljekdigini aýdypdyr.

"Görnüşinden, Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynyň Türkmenistanda dowam edýän ähli gurluşyklardan has-da möhümdigi duýduryldy" diýip, çeşme aýdýar.

Günbatar sebitde gurulýan howa menziliniň gurluşygy “Gündogdy” hususy kärhanasyna ynanyldy. Bu firmanyň bir gurluşyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde transport desgasynyň inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama we taslama işlerini daşary ýurtly potratçylaryň, türk we germaniýaly kompaniýalaryň alyp barýandygyny aýtdy.

"Türkmen firmalary binanyň beton işlerini, bezeg işlerini we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýärler" diýip, gurluşyk hünärmeni aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, hünärmeniň şahsy maglumatlaryny, at-familiýasyny agzamakdan saklanýar.

Gurluşykdan habarly esasy çeşmäniň sözlerine görä, ýerli gurluşyk kompaniýalary desganyň gurluşygyna bölünip berlen maliýe serişdesiniň takmynan 15 göterimine eýeçilik edýärler.

"Galan pullar daşary ýurt firmalaryna tölenilýär" diýip, çeşme aýdýar.

Bu aralykda, howa menziliniň töwereginde sil suwlaryny sowujy desga-da gurulýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, bu desganyň guruljak ýerinde ýerleşýän “Dokuz şehit” metjidini we bir gonamçylygy ýykmagyň meýilleşdirilýändigini aýdýar.

"Ýerli halkyň häkimlige garşy çykmagy sebäpli, häzirki wagtda sil suwlaryny sowujy desganyň gurluşygy hem wagtlaýyn togtadyldy" diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Balkanabat halkara howa menzili Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

Türkmen metbugatyna görä, “Türkmenhowaýollary” agentligi 2021-nji ýylyň iýun aýynda Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça tender yglan etdi.

Munuň yz ýany, döwlet telewideniýesine görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda bu desganyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

2022-nji ýylyň iýulynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken karary bilen, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu firma 2021-nji ýylyň iýun aýynda Lebap welaýatyndaky Kerki howa menziliniň gurluşygyny tamamlady. Has ozal, 2018-nji ýylda Türkmenabat halkara howa menzilini ulanmaga berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu desgalaryň töwereginde bar bolan meseleler barada habar berdiler.

Uly Balkan dagynyň günbatar eteginde, Balkanabat şäherinden takmynan 20 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýän Balkanabat halkara howa menzili sagatda 100 ýolagçy gatnatmaga niýetlenendir.

Has ozal, paýtagt Aşgabatda 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda bahasy 2,2 milliard dollarlyk laçyn şekilli täze halkara howa menzili açyldy. Oguz han adyndaky aeroport sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenildi.

Ýerli synçylar Aşgabat halkara howa menziliniň doly kuwwatyndan peýdalanylmaýandygyny, daşary ýurt ýolagçylarynyň bu aeroporta esasan üstaşyr geçmek üçin gelýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda bäş ýylda üç halkara aeroport 2016-njy ýylda Aşgabat, 2018-nji ýylda Türkmenabat, 2021-nji ýylda Kerki halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: 'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar