Türkmenibaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) haýal koslandyryjy enjamy oturdylar.WTL(FZE) (BAE) we Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýalarynyň konsorsiumy geljekki baş potratçy onuň gurluşygynny tamamlamaga bäsleşigiň ýeňijis boldy.
Amerikanyň kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz bazarynda gowy tanalýar.Ol Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli ýol bitumyny öndürmek boýunça enjamy işe girizdi we ýokary oktanly benzin almak üçin riforming enjamynyň durkuny täzeledi.
Pudakda öňdebaryjy Foster Wheeler kompaniýasynyň önümi bolan täze tehnologik ulgam iki enjamdan- haýal kokslandyryjy we gudrony deasfaltlaýjy enjamlardan ybarat toplumdyr. Olaryň esasy wezipesi- agyr nebit galyndylaryny gaýtadan işlemekdir.
Haýal kokslandyryjy enjam iň möhüm tehnologik toplumlaryň biridir. Onuň taslama kuwwaty ýylda 900 müň tonna barabardyr. Nebit koksundan başga-da goşmaça arassalananadan soň daşary ýurtlara iberilmäge niýetlenen harytlyk suwuklandyrlan gaz hem çykarylar.
HKE-de işlenilen benzin A-80 belgili ýangyç öndürmek üçin komponent bolar ýa-da ýolary oktanly benzin almak üçin çig mal hökmünde ulanylyp bilner. Ýeňil koks gazoýly- Ýewro-5 ölçegli awtomobil ýangyjyny işläp çykarmak üçin çig maldyr. Agyr koks gazoýly zawodda işledilýän kataliktik kreking enjamy üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Geljekde täze enjamy tikenekli koks alýan goşmaça guraly işe girizmek üçin ulanmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Mazutyň wakuum usulynda arassalamagynyň galyndylaryndan kuwwatlylygy 500 müň tonna gudrony deasfaltlaşdyrýan enjamda ýokary şepbeşikli ýaglary öndürmekde ulanylýan önüm, şeýle hem häzir işledilýän katalitik kreking enjamlary üçin çig mal hem çykarylar.
Şeýlelikde täze enjam TNGIZT-de nebti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegi 10-20 göterim artdyryp, önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga we gymmat bahaly açyk reňkli nebit önümleriniň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Innowasion, eokoligýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ulanylmagy halkara bäsleşigine gatnaşyjylara bildirilýän talaplaryň biridir.Taslamada el zähmetini aradan aýyrýan koks kameralarynyň aşaky we ýokarky gabsalarynyň awtomatik usulda açylyp-ýapylmagy, şeýle hem benziniň durnuklaşdyrylmagy, ýylylyk çalşygynyň amatlaşdyrylmagy, suwuklandyrylan nebit gazyny we kokslanmanyň ýagly gazyny arassalamak hem-de guratmak bloklary göz öňünde tutulandyr.
Kärhanada koksy owradyş enjam, ýangyjy ugratmak we demir ýol çeleklerine guýýan ammar gurlar.Zawodda işledilýän laboratoriýany iň täze enjamlar bilen üpjün etmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.