TNGIZT-de kerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy

TNGIZT-de kerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 uçar kerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän TС-1 uçar ýangyjynyň Ýewropa görnüşidir. Jet A-1 Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar. Bu barada Nebit-gaz gazeti habar berýär.

TNGIZT-niň täze ýangyjy halkara awiasiýa standartlaryna kybap gelýär hem-de Türkmenstandartlary Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar. Toplumyň taslamasyny düzmek we getirmek Merichem Chemicals Refinery Services LLC amerikan kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy, ýygnamak we gurnamak işlerini türkmen hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Çig maly düýpli arassalamak arkaly alynýan täze Jet A-1 uçar kerosininiň ilkinji tapgyryny Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlemek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda awiakerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy
TNGIZT-de Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň önümçiligine başlandy
TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
100 sany uçýan taksi sargyt etdi
Türkmenistanda 2021-nji ýylda 83,7 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy