TNGIZT-de Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň önümçiligine başlandy

TNGIZT-de Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň önümçiligine başlandy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) Jet A-1 täze kysymly uçar ýangyjynyň önümçiligine başlandy. Bu ýangyç TNGIZT-de öňden bäri öndürilýän ТС-1 kysymly awiakerosiniň Ýewropada öndürilýän nusgasydyr.

TNGIZT-niň resmi saýtynda anna güni habar berlişi ýaly, täze ýangyç halkara awiasiýa standartlaryna laýyk gelýär hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyrylandyr.

Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, önümçilik kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar. Toplumyň taslamasynyň düzülmegi we tehnologiýalarynyň getirilmegi “Merichem Chemicals Refinery Services LLC” amerikan kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy, ýygnamak we gurnamak işlerini türkmen hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Çig maly düýpli arassalamak arkaly alynýan täze Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň ilkinji tapgyryny Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlemek meýilleşdirilýär.

Jet A-1 kysymly uçar ýangyjy Ýewropada, ABŞ-da we Kanadada ýolagçy uçarlarynyň gaz turbina hereketlendirijilerinde, şeýle-de “Airbus” we “Boeing” howa gämilerinde ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-de kerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy
Türkmenistanda awiakerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy
TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
100 sany uçýan taksi sargyt etdi
Türkmenistanda 2021-nji ýylda 83,7 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy