TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär

TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Hususan-da, TNGIZT-da we SNGIZ-da dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumyny gurmak, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän enjamy we ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän enjamy bu ýerde gurnamak meýilleşdirilýär.

Täze tehnologik desgalaryň gurulmagy zawodlarda nebiti gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, habarda bellenilýär.

Häzirki wagtda TNGIZT-da haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy boýunça enjamlaryň gurluşygy tamamlanyp barýar.Toplumyň buýurmasy boýunça BAE-niň “WTL FZE” we ABŞ-nyň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekden ybaratdyr.

Enjamlaryň işe girizilmegi nebitiň gaýtadan işlenilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga, şeýle hem goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
TNGIZ ýanwar-iýun aýlarynda 811 müň tonnadan gowrak awtobenzin öndürdi
TNGIZ 2,4 million tonna golaý nebiti gaýtadan işledi
Iýul soňky hepde: eksport geleşikleri $46 milliondan geçdi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda wodorod öndürýän desga gurlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy