Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) 2021-nji ýylyň başyndan bäri 770 müň tonnadan gowrak nebit çig maly gaýtadan işlenildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti carşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwür üçin dürli kysymly benzinleri öndürmegiň iş meýilnamasy 111,6% ýerine ýetirildi.
2021-nji ýylyň ilkinji iki aýynda TNGIZT-de 34 müň 857 tonna ýangyç kerosini öndürildi.
Şeýle-de şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda TNGIZT-de öndürilen polipropileniň eksport bahasy rekord derejä ýetip, bir günüň dowamynda 1 müň 500 tonnasy satyldy.
Şu ýylyň mart aýynda bäsleşikli söwdalaryň dowamynda polipropileniň FCA/FOB bahasy rekord derejä galyp, 1 müň 775 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.