Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (TNGIZ) şu ýylyň geçen alty aýynda 218 müň tonna golaý kerosin öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berşi ýaly, zawodyň şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda kerosin öndürmek meýilnamasyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 387 tonnadan artyk ýerine ýetirildi.
Zawod ýanwar-iýun aýlarynda TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 177 müň tonna töweregini we Jet A-1 görnüşli uçar kerosininiň bolsa 11 müň tonna golaýyny öndürdi.
Degişli döwürde Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän zawodda 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Zawodyň önümçiliginde 20-den gowrak dürli ýangyç we nebithimiýa önümleri bardyr.
TNGIZ Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) bir bölegidir. TNGIZT-iň düzümine Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) hem girýär.