TNGIZ 2,4 million tonna golaý nebiti gaýtadan işledi

TNGIZ 2,4 million tonna golaý nebiti gaýtadan işledi

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (TNGIZ) şu ýylyň geçen alty aýynda 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Zawodyň önümçiliginde 20-den gowrak dürli ýangyç we nebithimiýa önümleri bardyr.

Degişli döwürde Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän zawod 811 müň tonna benzin, şol sanda A-96, A-92 we A-80 görnüşli benzin öndürdi.

Şu ýylyň geçen alty aýynda zawod boýunça kerosiniň önümçiligi 218 müň tonna deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 387 tonna ýokarydyr.

Habarda bellenilişi ýaly, TNGIZ degişli döwürde dizel, gämi ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, nebit bitumy, nebit koksy, çalgy ýaglary we beýleki köp sanly önümleri öndürdi.

TNGIZ Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) bir bölegidir. TNGIZT-iň düzümine Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) hem girýär. Umuman, TNGIZT şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 2 million 630 müň tonna nebiti gaýtadan işledi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 70 müň tonna artykdyr.

Toplumyň önümleri içerki bazarda satylýar we Aziýa hem-de Ýewropa eksport edilýär.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär
TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
TNGIZ ýanwar-iýun aýlarynda 811 müň tonnadan gowrak awtobenzin öndürdi
Iýul soňky hepde: eksport geleşikleri $46 milliondan geçdi
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
TNGIZT-de dizel ýangyjynyň we motor ýagynyň täze önümçiligi ýola goýuldy