TMK-nyň Uly zalynda Sergeý Rahmaninowyň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy

Ajaýyp rus kompozitory we ussat pianinoçysy Sergeý Rahmaninow çagalykdan saza höwes edipdir. Ilki oňa ejesi Lýubow Petrowna fortepiano çalmagy öwredýär. Sergeý 9 ýaşynda Peterburg konserwatoriýasynyň kiçiler bölümine okuwa girýär. Ýöne sapaklary köp göýberenligi sebäpli ýetişigi gowşaýar, sonuň üçinem ata-enesi ony Moskwa konserwatoriýasynyň professory, sazanda we talapgär mugallym Nikolaý Zwerýewyň hususy pansiona geçirýärler.

Moskwa konserwatoriýasynda Rahmaninow birbada iki ugurdan üstünlikli okap, konserwatoriýany kompozitorçylyk we pianinoçylyk hünärinden altyn medal bilen tamamlaýar.Pýotr Ilýiç Çaýkowskä duşmagy onuň üçin ykbalyň beren uly peşgeşi bolupdy, ol ýaş sazandanyň zehinlidigine göz ýetirensoň ony her hili goldaýardy.

Munuň üçin A.S.Puşkiniň “Sygan” poemasynyň esasynda Wladimir Nemirowiç Dançenkonyň ýazan librettosyna ýaş kompozitoryň diplom işi hökmünde döreden “Aleko” operasynyň Uly teatryň sahnasynda goýlup, uly üstünlik gazanandygyny hem agzasa bolar.

Emma Çaýkowskiý ýogalan soň Rahmaninowyň ýagdaýy kynlaşýar.Ol 2-3 ýyllap sazdan hakyna sapak berip gün görmeli bolýar.Moskwada şahsy rus opera teatryny döreden sungat howandarlarynyň biri Sergeý Mamontow Sergeý Wasilýewiçi dirižýor hökmünde işe çagyryp, Rahmaninowyň uly sahna gaýdyp gelmegine kömek edýär. Şol döwürde teatryň toparynda heniz adygyp ýetişmedik aýdymçy Fýodor Şalýapinem bar eken.

Bu iki saz ussadynyň arasynda dörän dostluk ömürlik dowam edýär.

1917-nji ýylyň ahyrynda Rahmaninow Ýewropa — Şwesiýa, Daniýa çykyş etmäge gidýär, soň yzyna dolanmaýar. Bir ýyldan soň ol ABŞ-a göçüp barýar we ussat pianinoçy hökmünde meşhurlyk gazanýar. Sergeý Wasilýewiç ömrüniň ahyryna çenli Watan zaryny çekip gezýär, Beýik Watançylyk urşy ýyllary Nýu-Ýorkda eden çykyşlaryndan gazanan pulunyň baryny Goranmak gaznasyna geçirýär.

Türkmen sazandalary Sergeý Rahmaninowa bagyşlanan konsertde simwolist-kompozitoryň döredijilik ýörelgesine has golaý eserleri ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa ikinji saz guralynda halkara bäsleşikleriniň laureaty Stella Faramazowa bilen Fortepiano we orkestr üçin 2-nji konserti ýerine ýetirdi.

Fortepiano we orkestr üçin Paganininiň temasyna rapsodiýa diňleýjilere has güýçli täsir etdi. Rapsodiýanyň sekizinji wariasyýasy ençeme gezek aranžirlenipdi, olardan Rahmaninowyň saz tilsimi has üýtgeşik, hyjuwly, hyýaly ýaňlanýar. Şol eseri golaýda Ermenistanda geçirilen skripkaçylar bäsleşiginiň ýeňijisi, konserwatoriýanyň üçünji ýyl talyby Aýbölek Myhyýewa ýerine ýetirdi.

Bahar Annadurdyýewa “Saz pursatlary” we “Etýudlar-şekiller” eserlerini ýerine ýetirdi. Bahar Rahmaninowyň tilsimleriniň çeperligini beýan etmegiň hötdesinden geldi.

Zehinli türkmen sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde rus kompozitorynyň eserleri diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Olar çykyşlaryň ählisini şowhunly el çarpmalar bilen alkyşladylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
Aşgabatda Tomusky operetta agşamy geçiriler
TMK-nyň bäşinji ýyl talyplary Sergeý Rahmaninowyň diplom işi bolan “Aleko” operasyny sahnalaşdyrdylar
Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy
Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy
Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler