TMK-nyň bäşinji ýyl talyplary Sergeý Rahmaninowyň diplom işi bolan “Aleko” operasyny sahnalaşdyrdylar

Gutardyş synagyna bir aý galanda Moskwa konserwatoriýasynyň şol wagtky talyby Sergeý Rahmaninowa diplom işi hökmünde A.S.Puşkiniň “Syganlar” poemasy esasynda W.N.Nemirowiç-Dançenkonyň librettosyna opera ýazmagy tabşyrýarlar. 19 ýaşly awtor eseri 17 günde döredýär.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Guwanç Saparalyýewe-de gutardyş synagyna bir aý galanda diplom işi hökmünde “Aleko” operasyny goýmagy tabşyrdylar, konserwatoriýanyň Uly zalynda onuň premýerasy boldy.Oňa konserwatoriýanyň simfoniki orkestri (ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow), kamera hory (hormeýsteri Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýelena Moskwiçýowa), konsertmeýster Mähri Orazowa dagy gatnaşdylar.

Orkestre 5-nji ýyl talyby Guwanç Saparalyýew dirižýorlyk etdi.Onda opera mahsus sahna bezegi bolmasa-da we gahrymanlary lybaslaryny geýmedik bolsa-da, tomaşaçylaryň hyýalynda derýanyň kenarynda ýerleşen syganlaryň düşelgesi janlanýar.

Adaty adamlary terk eden Aleko hem indi iki ýyl bäri syganlar bilen göçüp-gonup ýör.Aleko bilen ýaşajyk Zemfira bir-birini halaýarlar, ýöne sygan gyzyň söýgüsi uzaga çekmeýär.

Zemfiranyň kakasy Mariulanyň bir ýyljyk özüne wepaly bolup, soňundan kiçijik gyzyny taşlap, başga biri bilen gidendigini ýatlaýar.Aleko näme üçin gyzyň kakasynyň onuň ejesinden ar almandygyna geň galýar.

Parasatly sygan ýigide adamyň erkinligini düşündirjek bolýar.Gabanjaňlykdan gözi gapylan Aleko onuň maslahatyna gulak asman, Zemfirany we onuň aşygyny öldürýär.Gyzyň kakasy Alekonyň syganlaryň arasyndan gitmegini talap edýär.

Aleko ýene ýeke galýar.Alekonyň partiýasyny Amangeldi Amanow (bariton), erkin we kakabaş Zemfiranyň partiýasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa (soprano) ýerine ýetirdiler.Begenç Gaýybow (bas), 5-nji ýyl talyby Kakajan Amansähedow (tenor), Jennet Şammedowa (kontralto) dagy ikinji derejeli gahrymanlaryň keşbini tembr-intonasiýa özenini baýlaşdyrmagyň hötdesinden geldiler.

Sergeý Rahmaninowyň sazy çeperligi bilen özüne bendi edýär. Ýordumynyň gidişine görä, ol diňleýjini kä tolgundyrsa, käte bolsa gaýgy-hasratsyz şatlyk we durmuş gözelligi ummanyna atarýar.Eseriň çözgüdi hasratly tamamlanandan soň, ejirli ýekelik duýgusy beýan edilýär.

Operanyň sahnalaşdyrylmagy konserwatoriýanyň durmuşynda şanly waka boldy, ony diňlemäge diňe bir talyplardyr mugallymlar däl, eýsem paýtagtyň teatrlarynyň artistleri-de gelipdirler.Diňleýjiler aýdymçylardyr sazandalary, ozaly bilen, diplom işine ýokary baha berlen Guwanç Saparalyýewi gül desseleri we şowhunly el çarpmalar bilen mübärekeldiler.

Ýene degişli makalalar

TMK-nyň Uly zalynda Sergeý Rahmaninowyň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi resmi taýdan "BRICS hyzmatdaşy" bolandyklaryny aýtdy
Aleksandra Pahmutowa 95 ýaşady
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Pariždäki ilkinji çempionlygy