Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Daňatar Owezowa bagyşlanan agşam boldy.Onuň hormatly myhmanlarynyň arasynda ilkinji türkmen kompozitorynyň gyzlary Aýlar we Aýna Owezowalar, agtygy Ylýas Muhamow, 1960-njy ýyllarda Daňatar Owezowyň kömekçisi bolan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimow bardy.
Saz ussady bilen ýakyn gatnaşykda bolan Hudaýberdi Bäşimow kompozitoryň käbir eserini döredişi, onuň üýtgeşik adamkärçiligi we hoşamaýlygy barada gürrüň berdi.
Agşamda Daňatar Owezowyň ömri we döredijiligi barada telefilmden bölekler görkezildi. Olarda 4 operanyň awtory maşgalasynyň, wokalçylaryň arasynda, iş başynda... görkezilýär.
Daňatar Owezowa bagyşlanan konsert tutuşlygyna awtorlyk eserlerden düzülipdir.Konserti alyp baran Gülbahar Ýagşyýewa ilki bilen sahna TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň horuny çagyrdy.
Dirižýor Maýa Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky topar Magtymgulynyň goşgusyna Baglar heý we Garaja Burunowyň goşgusyna Baharyň 40 güli atly aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi.Soňra Şasenem-Garyp operasyndan üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin täzeden işlenen Garybyň aýdymy ýaňlandy.
Akkordeonçylar ansambly belli Kolhoz güli aýdymyny ýerine ýetirdi.
Konsertde esasan Daňatar Owezowyň Adrian Şapoşnikow bilen bilelikde döreden Şasenem-Garyp operasyndan we Ýuliý Meýtus bilen bilelikde döreden Leýli-Mejnun operasyndan ariýalar ýaňlandy. Olary konserwatoriýanyň mugallymlary Läle Arazdurdyýewa, Bibijemal Amanowa, Begenç Moşiýew, Ogulgerek Pirnaýewa, Röwşen Baýramow we beýlekiler labyzly ýerine ýetirdiler.
Täsirli sazlardyr konserwatoriýanyň mugallymlarynyň ussatlygy diňleýjileri jadyly saz ummanyna atardy.