TMCELL Türkmenistanyň ýokary tizlikli awtoýollaryny öýjükli aragatnaşyk bilen doly üpjün etdi

TMCELL Türkmenistanyň ýokary tizlikli awtoýollaryny öýjükli aragatnaşyk bilen doly üpjün etdi

Altyn Asyr ÝGPJ-niň hünärmenleri Aşgabat — Mary — Türkmenabat hem-de Aşgabat — Balkanabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny öýjükli aragatnaşyk tory bilen dolulygyna üpjün etdiler. Bu barada Turkmenportal web saýtyna kompaniýanyň hünärmenleri habar berdiler.

Bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde yzygiderli gatnawlaryň awtoulag sürüjileri we ýolagçylary Türkmenistanyň şähere gatnawlary mahalynda öýjükli aragatnaşyk hem-de internet hyzmatlaryndan bökdençliksiz peýdalanyp bilerler.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ugrundaky ähli ýerlerde aragatnaşyk ulgamlarynyň netijeli işlemegi Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy bilen mümkin boldy.

Häzirki wagtda Aşgabat — Daşoguz, Türkmenabat — Gazojak hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz ýollarynda signalyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täze enjamlaryň oturdylmagy işjeň ýagdaýda dowam edýär. Bu işler Türkmenistanda aragatnaşyk infrastrukturasyny giň gerimde döwrebaplaşdyrmagyň çäginde alnyp barylýar.

TM CELL kompaniýasy aragatnaşygyň hilini geljekde has-da ýokarlandyrmagy, şeýle hem mobil TW, onlaýn media we beýleki sanly hyzmatlaryň işini kämilleşdirmegi maksat edinýär. Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň hem-de Yslam Ösüş Bankynyň maýa goýum serişdeleriniň goldawy netijesinde amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Begenç gynanja öwrüldi. TMCELL-iň 'täzeligi' Täze ýyl baýramçylygyna kölege salýar
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
Täze wirtual telefon belgileri balkanlylaryň tamasyny “ödemeýär”
Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Bahreýne ugrar, Mişustin Türkmenistandaky mekdebe roýal sowgat etdi, Azerbaýjan Baku bilen Türkmenbaşynyň arasynda gatnaw nyrhlaryny arzanladar we beýleki habarlar
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi