TJG Anadoly gämisi Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy

2019-njy ýylyň maý aýynda deňize çykarylan we 2022-nji ýylyň iýun aýynda deňiz kabul ediş synaglaryna başlanan TJG Anadoly Köp maksatly amfibiýa hüjüm gämisi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilýän dabara bilen Harby-deňiz güýçleri serkerdeligine gowşuryldy.

Dünýäde şu ululykda gämä eýe bolan 12 döwlet bar.

TJG Anadoly gämisi ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň üstüne gonup we onuň üstünden uçup biljek ilkinji gämi bolar. Onuň üçin bolsa Baýkar kärhanasy tarapyndan ganatlary eplenýän Baýraktar TB3 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary özgerdilýär.

Gämidäki ýarag ulgamlary, söweş dolandyryş ulgamy, elektron söweş ulgamlary, infragyzyl gözleg we gözegçilik ulgamy, elektro-optiki gözleg ulgamy, lazer duýduryş ulgamy, torpedo gorag ulgamy, radarlar, aragatnaşyk ulgamlary, nawigasiýa ulgamlary, maglumat paýlaýyş ulgamlary ýerli we milli mümkinçilikler bilen özgerdildi.

Gämi zerur bolan mahaly tebigy apat zamanynda ulanylyp biliner.

231 metr uzynlyga we 32 metr giňlige eýe bolan TJG Anadoly gämisiniň palubasynda 10 dikuçar ýa-da 11 sany ýaragly uçarmansyz howa ulagy ýerleşip bilýär, angarda bolsa 19 dikuçar ýa-da 30 ýaragly uçarmansyz howa ulagy daşap bolýar. Gäminiň düzüminde 1223 işgär bolar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar
Milli Goranmak ministrligi "Hyzyr Reis" suwasty gämisiniň işe girişendigini habar berdi
Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
"Dynamik Manta 2023" atly harby türgenleşik başlady
TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar