
Dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi bolan TJG Anadoly gämisi, Stambul şäheriniň Tuzla etrabyndaky Sedef gämi gurluşyk ussahanasynda geçirilen dabara bilen Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy.
Türkiyäniň iň uly harby gämisi bolan TJG Anadoly gämisi 17-23-nji aprel aralygynda Stambulda halk köpçüligine açylar.
Saraýburnu portynda durjak gämi aşakdaky günlerde we sagatlarda açyk bolar.
TJG Anadoly gämisine tomaşa edip boljak günler we sagatlar:
17-nji aprel, sagat: 13.00-18.00. 18-nji aprel, sagat 10.00-18.00. 19-njy aprel, sagat 10.00-18.00. 21-nji aprel, sagat 10.00-18.00. 22-nji aprel, sagat 10.00-18.00. 23-nji aprel, sagat 10.00-18.00.