Tiz kömek welosiped

Tiz kömek welosiped

Soňky wagtlarda elektrik energiýasy bilen işleýän dürli maksatlar üçin dizaýn edilen görnüşleri işlenip taýýarlanýar.Merkezi edarasy Parižde ýerleşýän kompaniýa “Emergency Bikes” atly ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen welosipedi taýýar etdi. “Wunderman Thompson” hem-de “Ecox Enterprises” atly şereketleriň hünärmenleriniň döreden iki tigirli ulagy iri şäherlerde ýol dyknyşygynda wakanyň bolan ýerine has gysga wagtda barmaga mümkinçilik berer.

Ulagyň öň tarapynda ilkinji lukmançylyk kömegi üçin gerek bolan enjamlaryň goýulýan gutusy ýerleşdirilipdir.Güýçli ses bilen duýduryjy signallar hem-de LED çyralar bilen enjamlaşdyrylypdyr.Welosipediň tigirleri islendik ýagdaýda hem ýarylmaýan berk materiallardan öndürilipdir.

Ulagyň nirededigini hemra aragatnaşyk ulgamy arkaly uzakdan görüp bolýar.Bir gezekki zarýady bilen 160 kilometre çenli ýol geçip bilýän ulagyň önümçilige taýýar edilendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi
“Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy Kaka etrabynda dokma toplumyny gurar
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Emeli aň tehnologiýaly kompýuter
Kosmos uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy
Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder
Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasynda harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşylar