Tutuş dünýäde köp sanly ýurtda taksi hyzmatyny amala aşyrýan “Uber” kompaniýasy täze taslamasyny öňe sürdi.Ol “Uber Health” (Uber Saglyk) diýlip atlandyryldy.Bu taslama esasynda ýolagçylary saglyk merkezlerine äkitmek göz öňünde tutulýar. “Uber Health” ulgamy tiz kömek ulaglaryny däl-de, taksileri öz içine alýar.
Ol saglyk öýlerine we hassahanalara gitmegiň iň amatly mümkinçiligini amala aşyrar.Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu ulgam hereket edijiligi çäkli ýolagçylaryň hiç hili päsgelçiliksiz lukmançylyk gözegçiligine barmagyna, maksatlaýyn ýa-da nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginden geçmegine şert döreder.ABŞ-nyň San Diego şäherinde eýýäm müşderileriň aglabasy bu ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp başlapdyr.
Ol lukmançylyk hyzmatlary üçin örän amatly hyzmat boldy.Bu ulgam arkaly müşderileriň öňünden hem ulagy sargyt etmäge mümkinçiligi bar.