Tina Terner 83 ýaşynda aradan çykdy

Tina Terner 83 ýaşynda aradan çykdy

Amerikaly we şweýsariýaly aýdymçy zenan Tina Terner 83 ýaşynda aradan çykdy diýip, MIR 24 habar berýär. Ol uzaga çeken agyr keselden soň Şweýsariýanyň Sýurih şäheriniň golaýyndaky Kýusnahtdaky öýünde aradan çykdy.

Rolling Stone žurnalynyň ýazmagyna görä, Terner häzirki zamanyň iň ajaýyp aýdymçylarynyň biridir. Ol sekiz gezek Gremmi baýragyna mynasyp boldy. Terneri sahna ussatlygy üçin Rok-n-rolluň şa zenany diýip atlandyrýardylar, ol dünýäniň iň oňat tansçylarynyň onlugyna girdi.

Tina Terner 1939-njy ýylyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Natbuş şäherinde doguldy. Soň Şweýsariýanyň raýatlygyny aldy.

Geljekki aýdymçy saz sungatyna çagalygyndan imrindi. Onuň iň meşhur aýdymlary: The Best, Proud Mary, Private Dancer we What's Love Got to Do With It hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn globus” we “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy
Dreýk Gremmi baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Bilesiň gelýärmi? gepleşiginde Gremmi barada gürrüň berilýär
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy