Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi

Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi

1999-njy ýyldan bäri her ýyl dünýäniň iň abraýly adamlarynyň sanawyny düzýän Time amerikan žurnaly bassyr ikinji ýyl Iň abraýly kompaniýalaryň TOP-100-ni hödürledi.

Reýtinge häzirkizaman dünýäsine täsirini ýetirýän we “öňe barýan möhüm ýoly kesgitlemäge kömek edýän” kompaniýalar girizildi. Kompaniýalara aktuallyk, täsir, innowasiýa, ambisiýa we üstünlik ýaly parametrler boýunça baha berildi. Sanaw bäş kategoriýa bölündi. Olaryň hersinde 19-dan 22-ä çenli kompaniýa bar.

Ilkinjiler kategoriýasynda birinji orny aktrisa Mindi Kalinge degişli bolan Kaling International amerikan mediakompaniýasy eýeledi. Şeýle-de, sanawda Axiom Space kompaniýasy (2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ol Ilon Maskyň SpaceX korporasiýasy tarapyndan döredilen Crew Dragon gämisinde HKS-a iberiljek ilkinji üç kosmos syýahatçysynyň atlaryny aýtdy) hem-de wirtual hakykat bilen onlaýn oýunlary döredijiler Rec Room bar.

Liderler kategoriýasynda birinji orny Hybe güýmenje kompaniýasy eýeledi, onuň yzyndan Spotify aýdym-saz platformasy, Airbnb serwisi, Alaska Airlines awiakompaniýasy, Sony elektron korporasiýasy, Balenciaga moda brendi, Reddit sosial ulgam forumy, Revolut maliýe tehnologiýa kompaniýasy we Sotheby’s auksion öýi gelýär.

Innowatorlar kategoriýasynda birinji orunda pikap elektromobillerini öndüriji Rivian ýerleşdi. Sanawda Moderna biotehnologiýa kompaniýasy, Peanut sosial ulgamy, emeli intellektiň kömegi bilen iňlis dilinde tekst ýazmaga kömek edýän Grammarly serwisi, Perfect Day kompaniýasy hem-de kameralary we akylly öý üçin gurluşlary dörediji Wyze hem bar.

Ägirtler kategoriýasynda ABŞ-nyň iň uly kompaniýalarynyň biri Amazon birinji orny eýeledi. Şeýle-de, reýtingde Pfizer farmasewtik kompaniýasy, Ups eltip berme serwisi, Google-iň esasy kompaniýasy Alphabet, Apple we Microsoft korporasiýalary, United Airlines awiakompaniýasy, Ford awtomobil öndürijisi, Disney mediakompaniýasy, Netflix, şeýle-de lomaý we ownuk söwda tory Walmart bar.

Ýumrujylar kategoriýasynda birinji orun Engine No.1 maýa goýum kompaniýasyna degişli. Onuň yzyndan AMC kinoteatrlar tory, Hytaýyň TikTok sosial ulgamy, Shein onlaýn reteýleri we NSO Group gelýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Syýahat etmek üçin iň gowy ýerler
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri