“Time” žurnaly ilkinji gezek iň abraýly kompaniýalaryň TOP-100-ni hödürledi

“Time” žurnaly ilkinji gezek iň abraýly kompaniýalaryň TOP-100-ni hödürledi

“Time” amerikan žurnaly “Iň abraýly kompaniýalaryň” TOP-100-ni neşir etdi. 1999-njy ýyldan bäri her ýyl dünýäniň iň abraýly adamlaryny atlandyrýan bu neşir ilkinji gezek şeýle reýtingi düzdi. Sanawa, neşiriň redaksiýasynyň pikiriçe, “öňe barýan möhüm ýoly görkezmäge kömek edýän” guramalar girizildi. Bu barada pepelac.news habar berýär.

Tutuş sanaw bäş kategoriýa bölündi: “Ilkinjiler”, “Liderler”, “Innowatorlar”, “Ägirtler” we “Ýumrujylar”.Olaryň hersinde 16-dan 22-ä çenli kompaniýa bar. Şeýlelik bilen, “Ilkinjiler” kategoriýasynda aktrisa Riz Uizerspun tarapyndan esaslandyrylan amerikan media kompaniýasy Hello Sunshine birinji orny eýeledi. “Liderler” kategoriýasynda Milli basketbol assosiasiýasy birinji boldy.

Bu ýerde Apple korporasiýasy, Delta awiakompaniýasy, amerikan Walgreens dermanhana ulgamy, farmaseptik kompaniýalary Pfizer we BioNTech, sport eşiklerini we aýakgaplaryny öndüriji Nike hem bar. “Innowatorlar” kategoriýasynda analitik kompaniýasy Gro Intelligence öňdebaryjy hökmünde ykrar edildi. Şeýle-de, sanawa Moderna biotehnologiki kompaniýasy, wideo oýunlaryny we konsollary öndüriji Nintendo, striming hyzmaty Netflix we beýlekiler girdi.

General Motors awtomobil konserni “Ägirtler” kategoriýasynda birinji orny eýeledi.Sanawda Alibaba söwda kompaniýasy, Facebook sosial ulgamy, Disney media kompaniýasy hem bar. “Ýumrujylar” kategoriýasynda bolsa birinji orun genetiki dürlülik ulgamyny işläp düzmek bilen meşgullanýan Illumina kompaniýasyna degişli boldy.

Onuň yzyndan Huawei, Tesla we OnlyFans mazmun abuna hyzmaty gelýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat brendleri
Startapa maýa goýdular
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler
Ýaşamak üçin amatly şäherler
2021-nji ýylyň başynda haýsy “iPhone” dünýäde has meşhur boldy?
Türkmenistanyň edaralarynda işgärlerden ähli ýerde maska ​​dakynmak barada dilhat alynýar