“Time” žurnaly 2024-nji ýylda syýahatçylaryň dürli gyzyklanmalaryny we isleglerini nazara alyp, iň gowy 100 ugruň sanawyny düzdi. Işjeň dynç alşy söýýänler üçin žurnal Keniýadaky safarini, Malaýziýada retroekspressi, Alýaskadaky “Denali” milli seýilgähinde pyýada gezelençleri we Botswanada welosiped ugurlaryny maslahat berýär.
Rahatlandyryjy dynç alşy halaýanlart üçin “Time” Awstriýadaky Gündogar Tirola baryp görmegi, Täze Zelandiýadaky Demirgazyk şapagyndan lezzet almagy ýa-da Samuide dynç almagy maslahat berýär. Ýalňyzlygy küýseýänler üçin bolsa, Niderlandlardaky Dýurgerdam obajygynda dynç almak maslahat berilýär.
Žurnal binagärlik muşdaklaryna Pariždäki “Le Grand Mazarin” myhmanhanasyna, gökdirän binalary bilen arzylanýan Buenos-Aýrese we Londonyň täsin öwrümli köçelerine baryp görmegi teklip edýär.
Sanawda hödürlenen beýleki özüne çekiji ugurlaryň arasynda Norwegiýanyň insiz deňiz aýlagy arkaly gämi ugurlary, Guanhandaky geň-taň heýkeller, Täze Zelandiýadaky Tutakanyň suwasty dünýäsi we Awstraliýadaky gülgüne köl bar.