Tilki we geçi

Günlerde bir gün tilki guýa gaçypdyr. Guýudan çykjak bolup näçe dyrjaşsa-da, tilkiniň bu islegi başa barmandyr. Şol wagt hem suwsan bir geçi guýynyň başyna gelip, aşak seredipdir. Görse, guýynyň içinde bir tilki bar eken. Geçi:

Ol ýerde näme edýäň, tilki? diýip sorapdyr.

Tilki sowukganlylyk bilen:

Näme edeýin, suw içýän – diýipdir.

Geçi guýuda suwuň bardygyny eşidip,

örän begenipdir we tilkiden:

Suw sowukmy? – diýip sorapdyr. Mekir tilki:

Elbetde, buz ýaljak diýip jogap beripdir.

Onda geçi:

Menem içsem bolarmy? – diýip sorapdyr. Tilki:

Hawa-la, bök aşak – diýipdir.

Geçi tilkiniň bu sözüne ynanyp, guýa böküpdir.

Sowuk suwdan hezil edip içenden soňra geçi tilkiden:

Bu ýerden nädip çykmaly? – diýip sorapdyr.

Itiň aňsady, sen öňki aýaklaryňy galdyryp, şu ýere bas! Men seniň arkaňa münüp ýokaryk çykaýyn. Soňra seniň çykmagyňa kömek ederin diýip mekir tilki jogap berýär.

Geçi tilkiniň diýşi ýaly edipdir. Tilki bolsa geçiniň arkasyna münüp, bir towsanda guýudan çykyp, aýagaldygyna gaçyp başlapdyr. Tilkiniň gaçyp barýanyny aňan geçi:

Men saňa guýudan çykmaga kömek etdim, sen meni taşlap nirä barýaň? – diýip gygyrypdyr.

Tilki yzyna öwrülip:

Sen akylyňy ýitiripsiň, eger akylyň bolsady, guýa girmezden öň nädip çykjagyň barada pikir ederdiň diýip, ol ýerden ökjäni göteripdir.

Bir işe baş goşmazdan ozal, onuň netijesi barada pikir etmegi unutmaň!

The post Tilki we geçi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Tilki bilen pişik
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Towuk we tilki
Towuklara han boljak tilki
Ýeňijiler mälim edildi