Hytaýyň sosial ulgam programmasy “TikTok” Amerikan kärhanalarynyň birine satylman halatynda ABŞ-da gadagan edilmegini öz içine alýan kanuna laýyklykda gadagan edildi.
Amerikan jemgyýetçiliginiň arasynda eýýäm ençeme wagt bäri jedelleşiklere sebäp bolan TikTok, gadagançylygyň resmi ýagdaýda 19-njy ýanwarda başlamazyndan birnäçe sagat ozal ABŞ-da ulanylyşa ýapylypdy.
ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Tramp düýn beren beýanatynda, TikTok-yň degişli kanunlary ýerine ýetirmek we gadagançylygyň öňüni almak üçin goşmaça 90 gün bermek isleýändigini aýdypdy.
ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti anna güni Hytaýyň sosial ulgam programmasy “TikTok”-yň satylman halatynda ABŞ-da gadagan edýän kanuny tassyklapdy.