Tigirli saz guralynyň festiwaly

Çehiýanyň Liberik şäherinde Laterna festiwaly geçirildi. Laterna saz guraly bolup, ol dört tigirli araba meňzeýär. Oňa tigirli skripka hem diýilýär. Saz guralynyň kirişleri bolup, ol düwmeler we el bilen hereket edýän pedal arkaly çalynýar. Laternanyň sesi, esasan, Balkan ýurtlarynda meşhur bolan, üflenip çalynýan saz guraly bolan gaýdanyň sesine meňzeýär.

Bu saz guraly Günbatar Ýewropada XI asyrda peýda bolýar. Belli bir döwürde hor aýdymlarynda çalynýar. XVII asyrda tehnikanyň ösmegi netijesinde saz guralynyň täze görnüşleri ýasalyp, halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýraýar. XIX we XX asyrlarda Gresiýada has meşhurlyk gazanýar. Italýan Juseppe Turkoni hem-de grek Josef Armaos Stambulda bu saz guralynyň çelekli, ýaýly we jaňly görnüşini ýasaýar.

Çehiýada bu saz guralyna bagyşlanan festiwal her ýyl yzygiderli geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
Mewlüt Çawuşogly Bosniýa-Gersegowinada saparda bolýar
Harytlary salgysyna eltýän sürüjisiz ulaglar işe giriziler
Prezidentiň tigriň üstünde sapançadan ok atyşy sosial medianyň we halkara metbugatynyň ünsüni çekdi
Aşgabatda awtoulaglaryň gatnawy doly ýatyrylyp, jemgyýetçilik transportlary çäklendirildi
Türkmenistanda ýene-de “awtoulagsyz gün” geçiriler