Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amal edilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen bilim ulgamyny köptaraplaýyn ösdürmek we halkara derejä çykarmak babatda durmuşa geçirilýän işler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda döwrüň hem ylmyň talaplaryna we zerurlyklaryna laýyklykda, täze ugurly ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň ýylsaýyn giňeldilmegi, ýokary hem ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň her ýylyň şertlerine we mümkinçiliklerine görä artdyrylmagy bilim ulgamynyň binýadynyň berkidilýändigini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda şu ýylyň alty aýynda gazanylan netijeleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, umuman alanyňda, raýatlarymyzyň her biriniň maksadynyň ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylym we bilim binýadyny mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de berkitmekden ybarat bolmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň mynasyp derejede bilim almagy, olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, ýokary derejeli bilimli, beden hem ruhy taýdan sagdyn, watançylyk ruhuna eýlenen giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýadynyň has-da berkidilmelidigine ünsi çekmegi ýurdumyzda ylym-bilime bildirilýän talaplaryň şu günki beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň innowasion häsiýetli bolmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has kuwwatlanmagy ugrundaky tagalladyr.Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde her ýylda täze orta mekdepler, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Täze gurulýan bilim edaralary döwrebap kompýuterler, interaktiw okuw enjamlary we internet ulgamy bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda aýry-aýry ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň köpeldilmegi, täze hünärment mekdepleriň açylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň ençemesiniň girizilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin uly alada edýändigini görkezýär.
Häzirki günlerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär.Bu synaglar her bir ýaş türkmenistanlynyň Watanymyzyň ertirki ösüşlerine, ylmy kuwwatlylygyna, innowasion aýratynlyklaryna goşup biljek goşandynyň mümkinçiliklerini kesgitleýän synaglardyr.
Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerimizde täze hünärleriň ençemesi peýda bolar.Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym we hünär almagyna, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegine, türkmen ylmynyň halkara bäsleşiklerine ukyplylygynyň ýokarlanmagyna täze mümkinçilikleri döreder.
Jahangir Rozmetow,
Şabat etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.