TIF — 2024 maýa goýum forumy 10-11-nji sentýabra süýşürildi

TIF — 2024 maýa goýum forumy 10-11-nji sentýabra süýşürildi

Döwlet derejesindäki çäreleriň tertibindäki üýtgeşmeler sebäpli Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF — 2024) senesi 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabryna süýşürildi. Turkmenportala bu barada TIF-2024-iň guramaçylyk komiteti tarapyndan habar berildi.

Ozal Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guraýan bu forumyna 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmak üçin hasaba alynandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma forumyň halkara metbugatynda giňişleýin beýan edilmegi bilen hem tassyklanylýar.Birleşen Arap Emirlikleriniň Al Khaleej, Dubai News, Al-Madar Magazine ýaly öňdebaryjy neşirleri bu forum barada birnäçe makalalary çap etdi.

Mundan başga-da, abraýly maliýe neşiri bolan The Investor forumy ýylyň esasy wakalar senenamasyna goşdy.Bu bolsa dünýäniň maýa goýum jemgyýetiniň foruma ýokary derejede gyzyklanýandygyny görkezýär.

Foruma halkara maliýe guramalarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky) wekilleriniň, energiýa, infrastruktura we maliýe ulgamy boýunça hünärmenleriň, şeýle hem başga-da birnäçe abraýly halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň täzelenen maksatnamasyny tif-turkmenistan.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum forumy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär
TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler
Halkara astronawtika akademiýasy döredilýär
TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk çäreleri geçirildi
2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi