THÝ täze uçuş ugurlaryny açar

THÝ täze uçuş ugurlaryny açar

Dünýäniň iň köp nokadyna uçýan howa ýollary kärhanasy bolan Türk Howa Ýollary kärhanasy özüniň toruna Çili, Müsür, Saud Arabystany, Ispaniýa, Azerbaýjan, Fransiýa, Pakistan, Sudan, Gazagystan we Somali döwletlerinde täze nokatlary goşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

2024-nji ýylyň 2-nji çärýeginde ýolagçy göwrümini 7,7 göterim artdyran THÝ täze uçuş ugurlaryny açmaga dowam edýär.

THÝ uçarlaryň elýeterliligi we bazar şertlerine laýyklykda Çiliniň Santiago, Saud Arabystanynyň Abha, Müsüriň Aswan, Russiýanyň Mahaçkala, Ispaniýanyň La Korunýa, Azerbaýjanyň Lenkeran, Fransiýanyň Nantes, Sudanyň Port Sudan, Gazagystanyň Atyrau, Pakistanyň Sialkot, Somaliniň Hargeisa we Polşanyň Katowiçe şäherlerine ýolagçy saparlaryny başlatmak barada karara geldi.

Ady agzalan döwürde 22,1 million ýolagça hyzmat beren we 591 million dollar girdeji alan THÝ, işgärleirniň sanynyň hem 7 göterim artdyrdy.

Şol çäkde geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende uçarmanlaryň we uçarman dalaşgärleriniň sanyny 11 göterim, ýolbeletleriň (bortprowodnik) sanyny bolsa 6 göterim artdydy.

2024-nji ýylyň 2-nji çärýeginde uçarmanlaryň we uçarman dalaşgärleriniň sany 7082, ýolbeletleriň (bortprowodnik) sany bolsa 15163 boldy. THÝ kärhanasynyň jemi işgärleriniň sany bolsa 33 müň 486 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Save the Children: 2023-nji ýylda 10 million çaga ýaşaýan ýerini terk etdi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Paragwaýyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Hakan Fidan müsürli kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady