THÝ Damaska Uçar Saparlaryny Guramaga Başlar

THÝ Damaska Uçar Saparlaryny Guramaga Başlar

Türk howa ýollary, Siriýanyň paýtagty Damaska 23-nji ýanwardan başlap hepde-de 3 gün uçar saparlarynyň guraljakdygyny mälim etdi.

THÝ-dan berlen beýannama görä, 23-nji ýanwarda penşenbe güni Damaska ilkinji sapary guralar.

Airbus A330-203 kysymly uçar Türkiýe wagty bilen sagat 09.00-da Stambul howa menzilinden uçar.

Stambul howa menzilinden sişenbe, penşenbe we ýekşenbe günleri Türkiýe wagty bilen 09.00-da halkara Damask howa menziline uçar saparlary guralar.

Sişenbe, penşenbe we ýekşenbe günleri sagat 13.00-da hem Damask howa menzilinden Stmabula uçar sapary guralar.

Ýene degişli makalalar

Stambul-Damask Uçar Saparlary Başlady
Katar Damaska Uçar Saparlaryny Başladar
Ysraýyl günorta Siriýa howa hüjümlerini guraýar
Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
Ibrahim Kalyn Siriýada saparda boldy
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”