
Türk howa ýollary ABŞ-nyň Dallas şäherine uçar saparlaryny guramaga başlady.
THÝ-dan berlen beýannama görä, dünýäniň iň köp ýurduna uçar saparyny guraýan firmalardan biri bolan THÝ düýn Dallasa ilkinji uçar saparyny gurady.
THÝ şeýlelikde ABŞ-da guraýan uçuş merkezleriniň sanyny 11-e çykardy.
THÝ, ABŞ-nyň iň uly 4-nji şäheri bolan Dallasa duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri bolmak bilen hepde-de 4 gezek uçar saparyny gurar.
Uçar saparlary Boeing 787-9 Dreamliner uçarlary bilen guralar.