Türkmenistanyň raýaty we Russiýada gaçybatalga gözleýän Täçmyrat Bekiýew türmeden boşadyldy. Russiýadan deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Bekiýewiň boşadylmagy barada 6-njy iýunda Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) habar berdi.
THF-nyň Orsýetde gaçybatalga gözleýän türkmenistanly Täçmyrat Bekiýewiň Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden 4-nji iýunda boşadylandygyny onuň tanyşlaryna salgylanyp habar berýär.
Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň habaryna görä, 2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda sud Bekiýewiň Russiýada gaçybatalga almak baradaky arzasyna garamak işiniň doly dälligi we şahsyýet resminamalarynyň entek dikeldilmändigi sebäpli, onuň Türkmenistana deportasiýa edilip bilinmejekdigini göz öňünde tutup, ony boşatmak kararyna gelipdir.
THF-niň çeşmelere salgylanyp, habar berşi ýaly bir ýylyň geçmegi bilen barlag tamamlanmandyr we hiç hili karar çykarylmandyr.
Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda, 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki deslapky tussaghanada saklanýan Bekiýewiň daşary ýurt raýatlary üçin niýetlenen Krasnoye Selo raýonundaky 1-nji wagtlaýyn tussag merkezine geçirilendigi habar berlipdi.
Adam hukuklaryny goraýjylar Täçmyrat Bekiýewiň Türkmenistana deportasiýa edilmeginiň ähtimaldygyny aýdyp, oňa hem öz agasy ýaly agyr jeza sezewar bolmak howpunyň abanýandygyny bellediler.
Täçmyrat Bekiýew 2023-nji ýylyň awgust aýynda Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan Türkmenistana deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýewiň inisi.
2015-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrligi iki dogan Bekiýewleri milli we dini ýigrenji öjükdirmekde aýyplap, olary gözleg sanawyna goşupdy.
2023-nji ýylyň 16-njy martynda Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgda tussag edildi. Ilkibaşda ol immigrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplandy, ýöne iki hepdeden soň türkmen häkimiýetleri gaýybana oňa garşy has agyr aýyplamalary bildirdiler we ony "ekstremist" diýip yglan atlandyrdylar. Ondan soň Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasy ekstradisiýa barlagyna başlady. Bekiýew Russiýa Federasiýasyna gaçybatalga sorady.
Türkmenistan tarapyndan şoňa meňzeş jenaýatda aýyplanan Täçmyradyň agasy Aşyrbaý Bekiýew 2023-nji ýylyň awgust aýynda Russiýada migrasiýa kanunlaryny (möhleti geçen pasport) bozandygy sebäpli Sankt-Peterburgdan Türkmenistana deportasiýa edilipdi.
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň haýyşy boýunça Türkmenistana deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýewiň "Yslam ekstremizmi" aýyplamalary esasynda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda 23 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berdiler. Synçylar bu hökümi türkmen häkimiýetleriniň raýatlary uzak möhletli türme tussaglygy bilen gorkuzmak boýunça alyp barýan tejribesiniň dowamy diýip, hasaplaýarlar.
"Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä, Aşyrbaý Bekiýew häzirki wagtda Owadandepe türmesinde saklanýar we çeşmelere görä, onuň saklanýan tussaglyk şertleri "gaty erbet".
2017-nji ýylda Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy Aşyrbaý Bekiýewiň Türkmenistana ekstradisiýa edilmegini togtadypdy. Şol ýylyň maý aýynda Bekiýew tussaglykdan boşadyldy. Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylyň martynda Bekiýewler ýene-de tussag edildi. Russiýa olaryň birini türkmen häkimiýetlerine tabşyrdy.
Bekiýewleriň garyndaşlarynyň we tanyşlarynyň sözlerine görä, iki dogan musulmanlar bolsa-da, olaryň ynançlary ekstremist we radikal garaýyşlara gabat gelmeýär.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.