1665-nji ýylyň 7-nji noýabrynda häzirki ady “The London Gazette” bolan neşiriň ilkinji nusgasy çykyp başlaýar.Ilkibaşda neşir “The Oxford Gazette” ady bilen çykýar. Şol döwürde ýurduň patyşasy Karl II we patyşalyk köşki Londonda ýüze çykan keselçilik sebäpli Oksforda göçüpdi. Şol sebäpli bu ýerde “The Oxford Gazette” ady bilen gazet çykarylýar.
Gazet žurnalist we neşirýatçy Henri Muddiman tarapyndan çykarylýar.Onuň ilkinji nusgasynyň çykandygyny belli iňlis gündelikçisi Samuel Pepis gündeligine belläpdir.Patyşalyk keselçilik aradan aýrylandan soňra Londona göçüp barýar we neşir hem ýurduň paýtagtyna göçýär.
Londondaky ilkinji nusgasy 1666-njy ýylyň 5-nji fewralynda täze ady bilen neşir edilip başlanýar.Neşir “gazet” ady bilen çykýan hem bolsa, häzirki gazetler ýaly köpçülikleýin ýaýradylmaýardy, poçta arkaly abunaçylarynyň salgysyna iberilýärdi.