Üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilen türkmenistanly habarçy Gaspar Matalaýew zähmet lagerindäki gözgyny şertler sebäpli saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan ejir çekýär diýip, “The Independent” neşiri habar berýär.Neşiriň 5-nji fewralda çap eden habarynda Matalaýewiň Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmet baradaky maglumaty çap edilmeginiň yz ýany, dessine tussag edilendigi hem aýdylýar. ““Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň tabşyrygy esasynda Matalaýew etrap häkimiýetleriniň hökümet tarapyndan kesgitlenen borçnamany ýerine ýetirmek üçin studentleri, býujet işgärlerini we beýlekileri pagta meýdanlarynda mejbury işledýändigi barada delilleri, interwýulary we suratlary ýygnady” diýlip, britan neşiriniň habarynda bellenilýär.
Matalaýew “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinde mejbury zähmet baradaky makalasy çap edilenden iki gün soň, 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda raýat eşigindäki polisiýa ofiserleri tarapyndan tussag edildi.Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Gaspar Matalaýewiň tussaglygyny syýasy matlaply hasap edýärler we onuň üstüni açan maglumatlarynyň türkmen hökümetiniň ýyllarboýy pagta ýygymyna müňlerçe raýaty mejbury çekmek we olara jezalandyrmak haýbaty bilen pagta ýygdyrmak hereketlerine ünsi çekmäge ýardam berendigini aýdýarlar.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Gaspar Matalaýewiň tussaglygyny eden-etdilikli atlandyrdy.Aktiwistiň tussag edilmegi netijesinde Adam hukuklary boýunça ähliumumy deklarasiýanyň alty maddasynyň we Raýat hem syýasy azatlyklary baradaky halkara ylalaşygynyň dört maddasynyň bozulandygy aýdyldy. Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy” boýunça geçen ýylky hasabatynda Matalaýewiň ykbalyna üns berildi. 2017-nji ýylyň aprel aýynda häzirki zaman gulçulygyň görnüşlerine garşy iş alyp barýan “Freedom United” guramasy türkmen hökümetinden aktiwist Gaspar Matalaýewi boşatmak boýunça halkara kampaniýasynyň çäginde petisiýa çap etdi.
Bu çagyryşda ony galp aýyplamalary boýnuna alyp, galpyga baş goşandygy barada öz-özüni günälemäge mejbur etmek üçin elektrik togy bilen gynamalara sezewar edilendigi aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda onuň boşadylmagyny sorap ençeme gezek ýazan arzalarynyň ret edilendigi hem bellenýär.
Geçen ýylyň oktýabrynda Matalaýewi boşatmak boýunça alnyp barylýan halkara tagallalaryna dünýäniň iri guramalarynyň ýene biri “Profsoýuzlaryň halkara konfederasiýasy” (ITUC) hem goşuldy.Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy üçin ýyllarboýy tankyt edilýär.