“The Guardian” neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy 100 futbolçysynyň sanawyny düzdi. Sanawda birinji orny “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski eýeledi. Bu barada metaratings.ru habar berýär.
Polşaly hüjümçiden başga-da ilkinji on oýunçynyň arasynda Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kewin De Bruýn, Sadio Mane, Erling Holland, Kilian Mbappe, Mohammed Salah, Neýmar we Wirjil Wan Deýk bar.
Neşir 2019-njy, 2017-nji we 2015-nji ýyllarda Messini ýylyň iň gowy oýunçysy diýip ykrar edipdi.Bu ada 2018-nji ýylda - Luka Modriç, 2016-njy ýylda - Kriştianu Ronaldu mynasyp boldy. 32 ýaşly Lewandowski bu möwsümde 18 oýunda 20 pökgi geçirip, 5 asist berdi.
Transfermarkt portaly onuň bazar bahasyny 60 million ýewro diýip çaklaýar.Onuň häzirki kluby bilen baglaşan şertnamasy 2023-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.Mundan öň Lewandowski FIFA, "FourFourTwo", "Goal" tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanypdy.