“The Guardian” neşiri “XXI asyryň iň gowy medeni wakasy” diýen taslamasynyň çäklerinde 2000-nji ýyldan bäri neşir edilen iň gowy kitaplaryň 100 sanysynyň adyny mälim etdi.XXI asyryň iň oňat kitaplarynyň sanawyna dünýä belli awtorlaryň eserleri girizildi.Redaksiýa reýtingiň birinji ornuny “Buker” baýragynyň iki gezek eýesi bolan britan ýazyjy zenany Hilari Menteliň “Möjek zaly” romanyna berdi.
Ikinji orny Pulitser baýragynyň eýesi, amerikan ýazyjysy Merilin Robinsonyň “Galaad” atly kitaby eýeledi.Sanawyň üçünji ornuny bolsa, Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi, belarus ýazyjy zenany Swetlana Aleksiýewiçiň “Sekunt diliniň wagty” romany eýeledi.Iň gowy onluga Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň ýene-de bir eýesi, asly ýaponiýaly britan ýazyjysy Kadzuo Isiguronyň “Meni goýberme” romany (4), nemes ýazyjysy B.G.
Zebaldanyň “Austerlis” romany (5), britan ýazyjysy Filip Pulmanyň “Ýantar teleskop” romany (6), amerikan ýazyjysy Ta-Nehisi Koatesiň “Dünýä bilen meniň aram” (7), britan ýazyjy zenany Ali Smitiň “Güýz” romany (8), iňlis ýazyjysy Dewid Mitçelliň “Bulutly atlas” romany (9) we nigeriýaly ýazyjy zenan Çimamanda Ngozi Adiçiniň “Tylla Günüň ýarysy” (10) girizildi.Şeýle hem iň gowy kitaplaryň 100 sanysynyň hataryna italýan ýazyjysy Elena Ferranteniň “Meniň zehinli joram” romany (11), irland ýazyjysy Salli Runiniň “Adaty adamlar” romany (25), iňlis ýazyjysy Julian Barnsyň “Durmuş derejesi” romany (45), asly eýranly Fransiýanyň raýaty Merjana Satrapiniň “Persopolis” romany (47), iňlis ýazyjysy Jon Le Karreniň “Hemişelik bagban” romany (68), polýak ýazyjysy Olga Tokarçukyň “Azalyňy…” (75) amerikan ýazyjy zenany Hanýa Ýanagiharanyň “Kiçijik durmuş” romany (96) we köp sanly beýleki eserler girizilipdir.Iňlis ýazyjysy Terri Pratçettiň “Gijeki sakçylar” atly gülküli fentezi eseri sanawyň 48-nji ornuny, iňlis ýazyjysy Nil Geýmanyň “Koralina” atly çagalar üçin ýazylan powesti 82-nji orny eýeledi.
Sanawyň iň soňunda bolsa, iňlis ýazyjy zenany Joan Roulingiň “Garri Potter we ataşyň baýragy” atly kitaby ýerleşdirilipdir.