The Guardian: HOK Türkmenistanyň sporty zalymlygy kanunlaşdyrmak üçin ulanmagyna göz ýumýar

Kieran Pender

The Guardian (“Türkmenistanyň Hronikasynyň” terjimesi)

Adam hukuklaryny gödek basgylaýan ýurtda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçirilýär, emma HOK-yň Oýunlara gatnaşýan ýurtlary, mysal üçin, Awstraliýa dymmagy saýlaýar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat iki sany aýratynlygy bilen tapawutlanýar.Onda dünýäde iň kän mermer örtülen binalar jemlenen we bu şäher dünýädäki iň bir repressiw ýurtlaryň biriniň paýtagty bolup durýar.

Bu iki aýratynlyk bir-birine doly gabat gelýär: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökmürowan diktatorlary, ummasyz kän tebigy baýlyga eýe bolmak bilen, öz raýatalary barada kän alada etmezden, özlerine ägirt uly ýadygarlikleri dikýärler.

Türkmenistanyň iş başyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly mermer heýkelleri dikdiler. Ýekşenbe güni 60 ýaşyndaky diş doktorynyň iň täze ambisioz proýektiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunbça 5-nji Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy bolar. Ýurduň ilatynyň ozalkylary ýaly aňrybaş garypçylyk şertlerinde ýaşaýan wagtynda Türkmenistan ABŞ-nyň 5 milliard dollary (3.74 milliard funt sterling) möçberindäki serişdäni giň gerimli sport çärelerini geçirmek üçin infrastruktura desgalaryny gurmaga harçlaýar.

Geçen hepde Limada Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) başlygy Tomas Bah dabaraly söz bilen çykyş edip, öz ýolbaşçylyk edýän hereketiniň agza-ýurtlaryny bütin dünýäde milletçilik we izolýasiýa syýasatyny ýöredýän güýçlere garşy göreşmäge çagyrdy. “Biz parahatçylyk, köp dürlülik, çydamlylyk we sylag-hormat ugrunda çykyş edýäris” diýip, ol aýtdy. “Bu tendensiýalar biz üçin herekete çakylyk.

Dünýä biziň olimpiýa gymmatlyklarymyza hemme wagtdakysyndan beter mätäç”. Şunuň bilen birlikde HOK-yň agza döwletleriniň 60dan gowragynyň sportsmenleri, Halkara olimpiýa komitetiniň aziýa bölümi tarapyndan dünýäniň iň bir reprewessiw ýurtalrynyň birinde gurnalan çäre ugradylar.

Tebigy resurslara baý we öz býujet serişdelerini halkara derejesindäki gymmatbaha çärerlere harçlaýan ýurt täze bir hadysa däl, emma Türkmenistandaky repressiýanyň gerimi juda hopukdyryjy häsiýete eýe bolup durýar.Ozalky sowet respublikasy Türkmenistan “Freedom House” (Azatlyk öýi) guramasynyň ýylda dünýäde azatlygyň derejesi boýunça taýýarlaýan hasabatynda iň ýaramaz görkezijilere eýe bolup, 100 bally derejede 3 ball aldy hem-de “syýasy hukuklary we raýat azatlygyny hakykatda doly bozýan aňrybaş repressiw awtoritar döwlet hökmünde” ykrar edildi.

Reýtingde diňe Siriýa has az ball alyp, Türkmenistan Eritreýa, Demirgazyk Koreýa we Özbegistan bilen bir hatarda “hormatly” orun aldy.

“Türkmenistan postsowet giňişliginde iň repressiw döwletleriň biri bolup durýar” diýip, “Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Ýewropa we Merkezi aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýdýar. “Türkmenistan, her näçe ýumşaklyk bilen aýdylan ýagdaýynda hem, häkimiýetleriň hereketiniň, döwlet syýasatynyň we sosial-jemgyýetçilik gurluşynyň hiç bir jähtden tankyt edilmegini kabul etmeýär”.

Emma muňa garamazdan, ýekşenbe güni Aziýanyň we Okeaniýanyň sportsmenleri bu ýurtda guralýan ýaryşlara gatnaşarlar.gatnaşyjylar, Hytaý, Kribati, Palestina we Gündogar Timor ýaly dürli ýurtalara wekilçilik edip, suwda ýüzmek, tigir sürmek, kibersport, küşt we birnäçe gündogar göreşleri ýaly, sportyň dürli görnüşlerinde bäsleşik gurarlar.

Bu oýunlara birinji gezek Awstraliýa hem gatnaşar, sebäbi Awstraliýanyň Olimpiýa komiteti (AOK) Aziýa bilen sport gatnaşyklaryny berkitmegi niýet edinýär.

“Obserwer” (The Observer) AOK-yň prezidenti Jon Koatsa, “adam hukugy” jümlesini bäş gezek ulanyp, Awstraliýanyň Aziýa oýunlaryna gatnaşmagynyň näderejede ýerliklidigi barada dört sorag berdi. AOK-nyň başlygy bu soraglary bilmezlige salyp, öz jogabynda “adam hukugy” diýen aňlatmany bir gezek hem ýatlamazdan, umumy jümleler bilen jogap berdi.

“Oýunlara gatnaşmak biziň 18 sportsmenden ybarat ýaş we prespektiwaly komandamyz üçin öz çykyş edýän sportlary boýunça iň gowy sportsmenleriň bahasyna ýetip bolmajak tejribelerini kabul etmekde ajaýyp mümkinçilik” diýip, Koats aýtdy.

Biz düşündiriş almak üçin Awstraliýanyň daşary işler we söwda ministrligine ýüz tutduk.Ministrligiň metbugat sekretary Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň hökümetden aýry guramadynygyn, ministrligiň bolsa “bu hili kararlar kabul edilende ses hukugynyň ýokdugyny” aýdyp jogap berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň delegasiýasy BMG-nyň mejlisinde çykyş edende Awstraliýanyň bu mesele boýunça öz aladasyny bildirendigini, muny ýakyn wagtda dörän mümmkinçilikde ýene şeýle etjekdigini sözüne goşdy.

Oýunlary geçirmäge görülýän taýýarlyk repressiýanyň has gazaplanan ýagdaýynda geçdi. “Hýuman Raýts Wotç” we adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasy (AHTI) paýtagtyň arhitektura keşbini täzelemek, Aşgabaday abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde adamlaryň ýaşap oturan jaýlarynyň köpçülikleýin ýykylandygyny we adamlara diňe ujypsyz möçberdäki pul kompensasiýasynyň berlendigini habar berdi. “Oýunlar bary-ýogy 1o gün dowam eder, adamlar bolsa, kanagatlanarsyz ýaşaýayş şertlerinde ýa-da düýpden jaýsyz galmak bilen ýene uzak ýyllar ejir çeker” diýip, AHTI-niň ýerine ýetiriji direktory Farid Tuhbatulliun aýdýar.

Hukuk goraýjy guramalar häkimiýetleriň jemgyýetçilik durmuşyna kontrollyk etmegiň täze görnüşlerini girizümek synanyşygyna hem güwä geçýärler. “Biz Türkmenistan täze repressiw çäreleri girizetr diýip çaklamadyk, emma Oýunlaryň ýakynlaşmagy bilen hökümet nurbary has berk towlamaga başlady” diýip, “HÝumanb raýts Wotç” guramasynyň wekili, hanym Denber aýtdy. “Häkimiýetler ýerli ýaşaýjylaryň daşary ýurtlylar bilen gürleşmeginiň netijesinden örän gorýakýbarlar.

Olar döwlet syrlarynyň üsti açylar we häkimiýetler tarapyndan amala aşyrylýan repressiýalar, agyr sosial-durmuş şertleri belli bolar öýdüp gorkýarlar.Häkimiýetler şeýle zadyň bolmazlygy üçin elde baryny edýärler”.

“Türkmenistandaky çeşmeler Aşgabadyň hakykatda ýurduň beýleki böleklerinden kesilendigini habar berýärler, şäherde bolsa diňe jemgyýetçilik transportynyň we taksileriň hereketine rugsat berilýär. “Şübheli sosial elementleri ýüze çykarmak üçin ýörite reýdler geçirilýär” diýip, ozalky syýasy tussag Tuhbatullin gürrüň berýär. “Polisiýa ten satýanlary, öýsüz adamlary, alkogola ýa-da neşe maddalaryna garaşly adamlary tutýar”. Şeýle-de, ozal sud edilen adamlaryň sport çäreleriniň geçýän ýerlerine barmagynyň gadagan edilendigi habar berilýär.

“Observeriň” kärdeşi bolan “Gardian” neşiri (The Guardian) başda Oýunlary beýan etmek üçin akkreditasiýa aldy, emma açylyş dabarasyna 11 gün galanda, “seslenmeleriň möçberiniň aşa kündigi üçin”, onuň akkreditasiýasy yzyna alyndy. “The Guardian” neşiriniň akkreditasiýasyny dikeltmek üçin eden birnäçe synanyşygy Oýunlaryň guramaçylary tarapyndan görmezlige salyndy, britan ilçihanasynyň gatyşmagy netijesiz gutardy. “The Guardian“ neşirine şuňa meňzeş ýagdaýlar sebäpli beýleki halkara köpçülikleýin habar serişdeleriniň hem akkreditasiýadan kesilendigi habar berildi.

Aziýanyň Olimiýa geňeşi we HOK tarapyndan ykrar edilen milli olimpiýa komitetleri, düzgünnamalary esasynda “sport çäreleriniň mümkin boldugyça doly beýan edilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri görmeli” guramalar bolup durýar. Geçen ýyl HOK žurnalistleriň söz azatlygynyň bozulmagyndan habardarlyk boýunça elektron maglumat ulgamyny girizdi.

AOK-yň adresine Türkmenistanda geçirilýän Oýunlar we olara düzgünnama esasynda köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň akkreditasiýa almagy barada birnädçe gezek haýyşnama iberildi, emma olar jogapsyz galdy.HOK-yň metbugat sekretary bu ugurdakyt jogapkärçiligi öz üstünden aýranyny kem görmedi.

Ol: “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän Aziýa oýunlary garaşsyz sport çäresi we HOK-yň urisdiksiýasyna girmeýär” diýip jogap berdi.

Reýçel Denber bolsa şeýle diýdi: “Hýuman Raýts Wotç” 2016-njy ýyldan başlap Aziýanyň Olimpiýa geňeşine (AOG) bäş hat ýollady, emma bir jogap hem almady. AOG HOK-yň agzasy bolup durýar we olimpiýa hartiýasy (düzgünnamasy) esasynda berkidilen ýörelgelerden ugur almaga borçly. Emma muňa derek, dymmak bilen, AOG olimpiýa hereketiniň ideallaryny doly görmezlige salýar”.

Sportuň syýasat bilen garyşdyrylmagynyň baý taryhy bar.HOK-y esaslandyryjy Pýer de Kuberten Oýunlaryň döwletler arasyndaky syýasy gatnaşyklary gowulandyrmagyna umyt baglapdy. Şol bir wagtda HOK öz baýdagy astynda geçirilýän çäreleriň syýasylaşdyrylmaly däldigini aýdýar.

Emma golaýda Hytaýda, Brazilde geçirilen olimpiadalar munuň tersine bolandygyny subut etdi.Dünýäniň futbol boýunça indiki iki çempionatynyň Russiýada we Katarda geçiriljegi, 2022-nji ýyldaky Gyşky olimpiadanyň bolsa Pekinde geçiriljegi sowuk uruşdan soňky üç onýyllyga golaý bitaraplykdan soň sportuň syýsylaşmagyň täze eýýamyna girendigine şaýatlyk edýär.

Bu hili ägirt uly çäreleriň şeýle ýurtlary nähili özüçne çekýändigi köre hasa.

“Türkmenistan Aziýa oýunlaryny öz halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin geçirýär” diýip, “Hýuman Raýts Wotçdan” Denber aýdýar. “Türkmenistan uzak ýyllaryň dowamynda ýapyk ýurt boldy, onsoň hökümetiň käbir agzalary bu ýurduň halkara arenasyndaky abraýyny ýokarlandyrar, bu bolsa öz gezeginde ýurtdaky döwlet häkimiýetiniň kanunylygyny berkider” diýip hasap edýär.

Emigrasiýada ýaşaýan türkmen hukuk goraýjysy F.Tuhabtullin açyk aýdýar: “Islendik diktator režimi bütin dünýä öz gazananlaryny güjeňlemek isleýär”.

Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryny geçirmekde maliýe sebäpleriniň hem bolmagy mümkin. “Türkmenistan ýaly çuň korrimpirlenen režimli ýurtda sport desgalaryny gurmak hökümdet korrupsiýasy üçin çeşme bolup durýar” diýip, Jorj Waşington uniwersitetiniň professory Sebastýan Peýruz aýdýar. “Bu Oýunlara taýýarlyk prezidentiň we onuň ýakyn töwereginiň şahsy taýdan baýlaşmagynyň ýene bir düýpli çeşmesi boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aziadanyň birnäçe düýpli desgalarynyň gurluşygy prezident Berdimuhamedow bilen ýakyn aragatnaşykda bolan türk gurluşyk kompaniýasyna ynanyldy.

Munuň ýaly gymmat bahaly çäreleri özünde geçirmäge barha az sanly döwlet isleg bildirýär, aýdaly, mysal üçin, ýeserlik bilen sahnalaşdyrylan spektakl, haçanda Pariž we Los-Anjeles 2024 we 2028-nji ýyllardaky Olimpiadalary geçirmäge huku alanda, Aşgabatda şeýle giň gerimli sport çäreleriniň soňky gezek geçirilmeýändigini çak etse bolar.

HOK we onuň tarapdarlary häzir baý döwletleriň uly bolmadyk maliýe bähbidi bilen millardlap dollar harçlamagyna şeýle bir gyzyklanma bildirýärler we bu ýagdaýda adam hukuklary ýaly ähmiýetsiz meseleler öz aktuallygyny ýitirýär.

Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýanyň üstünden raketa uçurmagyny dowam etdirýän wagtynda onuň aziýa analogy bu deňeşdirme täze däl halkara jemgyýetçiliginiň o diýen ýadynda galmajak gözilginç sport çäresini geçirýär.Hatda 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ýaly düýpli çäräniň Katarda geçirilýän wagtynda, adam hukuklary ýagdaýyny beýan etmek ahyr netijede nola barabar we jemgyýetçiligiň ünsi futbol meýdançasyna gönüger.

Tomaşaçylar sport oýunlaryna aňalyp tomaşa edýän wagtlarynda bolsa, HOK, AOK, FIFA we beýleki günürtik sport guramalary bu çäreleri geçirmek barada awtoritar dolandyryşly ýurtlar tarapyndan berlen haýyşnamalary kanagatlandyryalar.

“Adam hukuklarynyň boş gürrüň bolup durýan ýurduna öz wekillerini iberen her bir ýurt belli bir derejede jogapkärçilik çekýär” diýip, türkmen aktiwisti Ruslan Mätiýew aýdýar. HOK hem jogapkärçiligi bölüşmeli. Eýsem, 2032-nji ýylyň Olimpiadasynyň Aşgabatda geçirilmegine nähili garaýarsyňyz?

Ýene degişli makalalar

Olimpiýa oýunlaryny geçirmekçi
Olimpiýa oýunlary: Has tiz, has ýokary, has güýçli — bilelikde — täze şygar
Ýaponiýa Olimpiadany geçirmek üçin näçe serişde sarp etdi?
Tokioda HOK-nyň sessiýasyna gatnaşyjylar pandemiýanyň pidalaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Russiýanyň halkara olimpiýa uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi
Olimpiýa güni 2021
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy