The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi

The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi

Aktrisa Margo Robbi, aýdymçy Beýonse we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen The Financial Times (FT) britan gazetiniň tamamlanyp barýan iň täsirli zenanlarynyň 25-siniň sanawynyň başyny çekdi.

Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Report.az neşiri ýazýar.

Sanawda şeýle hem nigeriýaly ýazyjy we şahyr zenan Lola Şoneýn, Suntory Beverage and Food ýapon azyk kompaniýasynyň baş direktory Makiko Ono, wenger alymy Katalin Kariko, dizaýnçy Fibi Faýlo, hindi aktrisasy we aýdymçysy Aliýa Bhatt, General Motors kompaniýasynyň baş direktory Meri Barra, şewýsariýaly syýasatçy Karin Keller-Zutter we beýlekiler bar.

Ýene degişli makalalar

“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy
Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy