“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi

“The Financial Times” (FT) britan gazeti iň täsirli zenanlaryň sanawyny taýýarlady. Sanawa 25 zenan girizilip, olaryň arasynda aktrisa Margo Robbi, aýdymçy Beýonse we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ýaly dürli ugurlarda zähmet çekýänler bar.

Bu sanawda Eýranyň adam hukuklary boýunça hünärmeni Narges Mohammadi, “OpenAI”-yň kompaniýasynyň tehnologiýa boýunça direktory Mira Murati, Birleşen Milletler Guramasynyň Biologiýa dürlüligi baradaky konwensiýasynyň (CBD) ýerine ýetiriji sekretary Elizawet Maruma Mrema we Braziliýanyň daşky gurşaw ministri Silwa Marina bar.

Mundan başga-da, neşiriň synçylary sanawa nigeriýaly ýazyjy we şahyr Lola Şoneýn, amerikaly aktrisa we ssenariçi Fran Dreşer, “Ernst & Young” konsalting kompaniýasynyň baş direktory Janet Trankeýl, Ýaponiýanyň “Suntory Beverage and Food” azyk kompaniýasynyň baş direktory Makiko Ono we wenger alymy Katalin Kariko dagyny girizdiler.

Sanawda ýazyjy we şahyr Barbara Kingsolwer, dizaýner Fibi Filo, hindi aktrisasy we aýdymçysy Aliýa Bhatt, “General Motors”-yň baş direktory Meri Barra we Şweýsariýaly syýasatçy Karin Keller-Zutter bar.

Mundan başga-da, gazet sanawa amerikaly alym we telekeçi Liza Daýsony, amerikanyň ulag kompaniýasy “United Parcel Service”-iň başlygy Kerol Tomy, kaşaň egin-eşik öndürijisi “Kering” (“Gucci” we “Balenciaga” markalaryna eýe) Mari-Kler Dawy we amerikaly tennisçi Koko Gauffi, Ispaniýanyň milli futbolçysy Jennifer Ermosony girizdi.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
Meriç Sümen
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady