TH: Prezidentiň edarasyna ýüzlenmek üçin paýtagta baran kärendeçiler polisiýa bölümine alnyp gidildi

TH: Prezidentiň edarasyna ýüzlenmek üçin paýtagta baran kärendeçiler polisiýa bölümine alnyp gidildi

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan Aşgabada baryp, prezidentiň edarasyna ýüz tutmak islän kärendeçi daýhanlar polisiýa bölümine alnyp gidildi. Bu barada garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" kärendeçilere salgylanyp, 9-njy maýda habar berdi.

"Baýramalynyň 'Agaýusup' daýhan birleşiginiň kärendeçileri Köpetdag etrap polisiýasyna eltilenden soň, olaryň şahsy maglumatlary bellige alyndy. Şeýle-de, olara prezidentiň edarasyna ýene girmäge synanyşanlaryň düzgün-tertibi bozmakda we polisiýa boýun egmezlikde jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi duýduryldy. Şondan soňra kärendeçiler öýlerine goýberildi" diýlip, maglumatda wakanyň anyk haçan bolandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Azatlyk bu waka barada Köpetdag etrap polisiýasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Garaşsyz neşire maglumat beren kärendeçiler özleriniň prezidentiň edarasyna ýüzlenmegine ýerli häkimiýetleriň eden-etdilikleriniň, şol sanda tohum, suw, tehnika üpjünçiligindäki problemalaryň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Maglumata görä, bu ýyl kärendeçilere juda pes hilli, çüýrän inçe süýümli gowaça tohumlarynyň berlendigi sebäpli ekinler gögermedi. Şondan soň kärendeçilere orta süýümli tohumlar paýlandy, ýöne ekiş üçin amatly wagtyň geçendigi sebäpli gowaçanyň gögerişi juda pes boldy.

"Hasyl üçin hasaplaşyk geçirilende, bizden inçe süýümli gowaça tohumynyň bahasyny saklap galarlar, sebäbi onuň bahasy has gymmat. Şeýlelik bilen, resmiler biziň hasabymyza öz kemçiliklerini ýapýarlar we peýda görýärler. Bizde bolsa, diňe ýitgi bolýar" diýip, neşir kärendeçiniň sözüni sitirledi.

Bu waka, türkmen häkimiýetleri ýurtda gowaça ekişiniň tamamlanandygyny yglan eden mahaly, balkanly kärendeçileriň ekişiň 50% ýerine ýetirilendigini aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi. 9-njy maýda Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň kärendeçileri gowaça ekişiniň gijä galmagyna tehnika we ýangyç ýetmezçiligi bilen birlikde, şu ýyl sebitde tohumlyk çigidiň üpjünçiliginiň juda pesliginiň hem sebäp bolandygyny aýtdylar.

Galyberse-de, garaşsyz neşir baýramalyly kärendeçilere döwlet tarapyndan wada berlen, mallary iýmitlendirmek üçin ulanylýan kepegiň, sarunyň, künjaranyň we şugundyr lötüniň hem berilmändigini aýdýar.

"[Kärendeçileriň] welaýat häkimine eden köp sanly ýüzlenmeleri jogapsyz galdy" diýip, neşir şondan soňra olaryň ähli döwlet edaralaryna, şol sanda prokuratura we prezident edarasyna şikaýat bilen ýüzlenýändigini hem ýazýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak barada karara gol çekdi.

Döwlet baştutany köplenç mallar üçin iým hökmünde ulanylýan bu önümleri ýeňillikli bahadan satmak baradaky kararyň oba hojalyk önüm öndürijileriniň bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen kabul edilendigini aýtdy.

Şondan bäri plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetiren kärendeçi daýhanlar prezidentiň karary bilen özlerine wada berlen önümleriň berilmeýändigini, bu barada ýerli häkimiýetlere edýän arz-şikaýatlarynyň diňlenmeýändigini ençeme gezek beýan etdiler.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri, şol sanda pagta, bugdaý, şugundyr, ýeralma ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň üpjünçilik meseleleriniň ýaramazdygyny, munuň köplenç ekiş işleriniň gijä galmagyna we hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri bu barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan hasyl toýuny belledi, daýhanlar döwlete ýene bergili galdy
Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
'Hormatly Prezident' propagandasy bugdaýy däl, 'dilegçilik edýän çagalary köpeldýär'
Häkimiýetler gowaça meýdanlaryna ýer eýelerinden birugsat mejbury ýygymçy girizip, töleg talap edýär
Balkanly býujet işgärleri we studentler dynç güni köpçülikleýin pagta çekildi
Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar