TFF-niň Kubogynyň birinji tapgyry jemlendi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

Şu gün geçirilen duşuşyklarda “B” toparça wekilçilik edýän toparlar duşuşdylar. Oýun gününiň birinji duşuşygynda “Merw” “Köpetdagdan” 1:0 hasabynda üstün çykdy. “Nebitçi” bilen duşuşan “Ahal” hem ýeňiş gazandy 2:1.

Düýn birinji tapgyryň çäginde “A” toparçanyň toparlary güýç synanyşyp, onda “Energetik” bilen “Aşgabat” toparlary üç utukdan topladylar.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ikinji tapgyry 19-20-nji iýunda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Birinji tapgyr:

B toparça

Köpetdag - Merw - 0:1

Gol: 60 Begenç Alamow (“Merw”)

Nebitçi - Ahal - 1:2

Gollar: 39 Merdan Gurbanow (“Nebitçi”) 19 Mirza Beknazarow, 37 Amir Gurbani (“Ahal”)

Ikinji tapgyr:

19.06.2021 ý. II tapgyr 20.06.2021 ý. II tapgyr

“A” topar “B” topar

18:15 “Energetik” “Aşgabat” 18:15 “Merw” “Ahal”

20:30 “Altyn Asyr II” “Şagadam” 20:30 “Köpetdag” “Nebitçi”

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Yzly-yzyna 5 Olimpiadada çempionlyk gazanan ilkinji türgen
Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Transfermarkt Beknazarowy Narwa Transyň düzümine goşdy
Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, Moskwa sirkiniň aristleri Türkmenistandaky çykyşlarynyň maksatnamasyny açdylar, telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhleti gelip ýetdi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi