TFF-niň kubogy ― 2023: Merw bilen Şagadam ikinji ýeňşini gazanmak üçin meýdana çykýarlar

TFF-niň kubogy ― 2023: Merw bilen Şagadam ikinji ýeňşini gazanmak üçin meýdana çykýarlar

Şu gün Aşgabadyň etegindäki Bagyr ýaşaýyş toplumyndaky stadionda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynyň 2-nji tapgyrynyň çägindäki Merw ― Şagadam duşuşygy geçiriler.

TFF resmi saýtynda duşuşygyň agşam sagat 18-de başlanjakdygyny habar berdi.

Ýaryşa toparlaryň ikisi hem ýeňiş bilen başlady. Merw Aşgabady 4:1 hasabynda ýeňen bolsa, Şagadam Energetikden 1:0 hasabynda üstün çykdy. Şu gün toparlaryň haýsy ýeňiş gazansa, birinji ornuň ýeke-täk eýesi bolmaga mümkinçilik bar.

TFF-niň kubogy ― 2023-iň ýeňijisi 14-nji iýunda belli bolar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy 2024: bijeleriň netijeleri
Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
Şagadam hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Türkiýäni saýlady