
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň B toparçasynyň 2-nji tapgyrynda Nebitçi Köpetdagy 3:1 hasabynda ýeňdi.
Şeýlelikde, iki duşuşykda 3 utuk toplan Nebitçi B toparçada üçünji orna çykdy. Toparçada birinji orundaky Merwiň 6, ikinji orundaky Ahalyň 3 utugy bar. Köpetdagda bolsa heniz utuk ýok.
TFF-niň kubogy ― 2021. B toparça, 3-nji tapgyr.
Köpetdag ― Nebitçi ― 1:3.
Gollar: Şiri Annaýew 42 ― Arslan Saparow 15, Akmämmet Metdäýew 19, Merdan Gurbanow 69.
Nädürs 11 metrlik jerime urgusy: Öwezbaý Muhammetmyradow 77 (Köpetdag).