
Şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler.
Ýaryşyň birinji tapgyrynda paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky Sport toplumynda Altyn asyr bilen Ahal güýç synanyşar. Duşuşyk öýlän sagat 18:30-da başlanar.
Şeýle hem şu gün Bagyr ýaşaýyş toplumynyň stadionynda Aşgabat ― Merw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk sagat 18-de başlanar.
Tapgyryň çäginde Aşgabat stadionynda Şagadam bilen Energetik güýç synanyşar. Bu duşuşyk hem sagat 18-de başlanar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş bir aýlawdan ybarat bolar. Alty toparyň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşyň ahyrynda iň kän utuk toplan topar TFF-niň kubogynyň eýesi bolar.